Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, halyçy suratkeşleriň, zergärleriň, keramikaçylaryň eserleri we halk amaly-haşam sungatynyň bezegçilik işleri Sergi merkeziniň iki gatyny hem eýeledi.

Serginiň açylyş dabarasynda halkara we döwlet sergilerine işjeň gatnaşandyklary üçin Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň agzalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen 80-e golaý suratkeş Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň müdiriýetiniň höweslendiriji baýraklary bilen sylaglandy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewa ahalteke atynyň şekili çekilen halysy üçin baş baýraga (gran-pri) mynasyp boldy. Onuň ýanynda höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanan talyplary hem bar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary göz öňünde tutulanda, ahalteke bedewiniň keşbi iň meşhur we isleg bildirilýän ugurlaryň biri boldy.

Türkmen suratkeşleriniň eserlerinde giňden gyzyklanma bildirilýän mowzuklaryň ýene biri bolsa türkmen halkynyň döredijilikli we bagtyýar durmuşydyr. Bu mowzuk çagalyk hakyndaky suratlarda has aýdyň ýüze çykýar. Mysal üçin, Maral Saryýewa öz suratynda çagalar bagynyň toparlarynyň birindäki bagtyýar we mähriban çagalary şekillendirdi. Merjen Maksatmyradowanyň «Çagalar — biziň geljegimiz» atly suratynda bolsa birinji synp okuwçylary esasy gahrymanlar hökmünde çykyş edýärler. Bu işleriň ikisinde hem mekdep we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda höküm sürýän bagtly gurşaw umumy aýratynlyk bolup durýar.

Hudaýnazar Pürliýewiň «Gadymy Merw» atly suraty sergide uly üstünlik gazandy. Ol sungatsöýujileriň ünsüni özüne çekdi. Bu surata sagatlap syn etmek hem bolýardy. Onda daşary ýurtlardan getirilen gymmat bahaly harytly uly sandykly, dürli-dürli reňkli milli geýimdäki söwdegärlerden doly gündogar bazary şekillendirilipdir. Suratkeş bolup geçýän wakalary inçelik bilen teswirläpdir, hatda bazar meýdançasynyň binalarynyň her bir kerpijindäki iň kiçi şöhleleri hem görüp bolýar. Suratyň Beýik Ýüpek ýoly mowzugyna esaslanyp döredilmegi bu ajaýyp işi aýratyn gözel görkezýär. Hudaýnazar Pürliýewiň bu işe näçe hyýal güýjüni, wagtyny we jikme-jik zähmetini siňdirendigini diňe çaklamak galýar.

Gündogaryň aşygy Rahman Umarow «Gyzyl» atly täze işi bilen sergä gelenleri ýene-de geň galdyrdy. Onda suratyň bir bölegini ak nagyşly gyzyl ýaglyk tutýar, soňra ýaş gözeliň gapdaldan görnüşi we ýene-de gyzyl ýaglygyň bölegi gelýär. Gyzyl reňki beýleki reňkleriň içinde iň esasy reňk diýip atlandyrmak bolar. Bu reňk edil açyk reňkli gül ýaly daş-töwregindäkileriň ünsüni özüne çekýär. Suratkeş öz suratyny döredende, hut şu niýete bil baglan bolmagy ähtimal.

Keramika işleriniň ekspozisiýasynda Baýram Annagulyýewiň «Pişigi» tomaşaçylaryň hiç birini biperwaý galdyrmady. Pişik fantastik multfilmdäki robota meňzeýärdi. Ol gözlerini tegeläp, tomaşaçylara tarap seredip, edil: «Tizräk meni synlap ýetişiň, ýogsam meniň surata düşmäge gitmeli wagtym boldy» diýýän ýalydy.

Sergide şeýle hem zenan ýantorbalary, şaý-sepleriň ekspozisiýalary we gurjaklaryň ýygyndysy görkezildi. Bu gymmatlyklaryň hemmesi diňe bir ýokary çeperçilikli eserler bolman, eýsem türkmenleriň parahat we asuda durmuşyny hem şöhlelendirýär.








