Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli şanly wakalarynyň üstüni ýetiren dabaralara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Hökümet agzalary dabaralara gatnaşyjylary ýetip gelýän beýik baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri, döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler. Munuň özi ýurdumyzda öndürijilikli we halal zähmeti bilen tapawutlanýan işgärleri höweslendirmek meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görýär. Şunda öz işine ussat adamlara şanly seneleriň hormatyna döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi.

Mähriban Watanymyza hyzmat etmegiň dünýä nusgalyk göreldesini görkezen ildeşlerimiz ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda, medeni-döredijilik ulgamlarynda zähmet çekmek bilen uly abraý gazanýarlar. Watanymyzyň gülläp ösmegine ähli tejribelerini, bilimlerini we zehinini bagyş edýän hünärmenler uly hormat-sarpa mynasyp bolýarlar. Bu bolsa halal zähmeti bilen tapawutlanýan adamlaryň tagallalaryna bildirilýän hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Maksada okgunly, zehinli, öňde durýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagalla edýän adamlaryň çekýän zähmeti, gazanýan üstünlikleri we ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmaklary ösüp gelýän ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdep hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, peder ýoluny abraý bilen dowam edýän nesilleriň döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy ýagşy göreldäniň we asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Gazanylýan zähmet üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitler saýlap alan hünäriňe yhlasly bolmagyň we kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, halal zähmet beýik abraýyň esasy şertleriniň biridir. Milli Liderimiziň parasatly jümlelerinden we öwüt-nesihatlaryndan ruhlanyp zähmet çekýän ildeşlerimiz abraý eýesi bolýarlar. Bu bolsa dürli ugurlarda işleýän hünärmenleri täze ýeňişlere we belent üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran nusgalyk mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet dolandyryş ugrunda, ykdysadyýetde, senagatda, oba hojalygynda, ylym-bilim we işewürlik ulgamlarynda, döredijilik dünýäsinde tapawutlanýan raýatlaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy halal zähmetiň höweslendirilýändiginiň we işde, döredijilikde tapawutlanýan raýatlarymyzyň zähmetine ýokary baha berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy pursatlary özünde jemlän nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlary esasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, kanunçylygy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy pudaklaryny hem-de beýleki pudaklary yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ulag serişdelerini netijeli peýdalanmakda, ilata edilýän hyzmatlary ýokary hilli ýerine ýetirmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, uçarlary we dikuçarlary sürmekde has öňdebaryjy tejribeleri ulanmakda, aýdym-sazy ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde, çeperçiligi ýokary sungat eserlerini döretmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ylmyň we tehnikanyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary ulgamynyň, milli medeniýetiň, edebiýatyň, teatr, kino, telewideniýe, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň, žurnalistikanyň we medeni aň-bilim edaralarynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary okatmaga we ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, zähmetsöýerlik, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge, ýokary hünärli döredijilik işgärlerini taýýarlamaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle-de Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlary bu gün ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.

Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň halk suratkeşi», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.

Halkyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymdan gelýän däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady berlen ýaşuly nesliň wekilleriniň hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet sylaglary gowşuryldy. Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giň gerimli çäreleriniň ýaýbaňlandyrylan pursatlarynda ýeňiji bolanlary sylaglamak dabaralary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine Gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyny has-da ösdürmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermekde, dünýä döwletleri bilen medeni-ynsanperwer ulgamda hoşniýetli gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýa aýratyn orun degişlidir. Medeni diplomatiýa parahatçylygyň we agzybirligiň, dostlugyň we ynsanperwerligiň dabaralanmasydyr.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri döredijilik äleminde çeken zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar mundan beýläk-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleri dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döredijilik işgärleriniň eserleriniň baş mowzugyny emele getirýär. Medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik wekilleri halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny şertlendirýän wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olaryň çekýän zähmetiniň döwlet derejesinde höweslendirilmegi baý many-mazmunly sungat eserleriniň, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän makalalaryň döremegine giň ýol açýar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtadylar.
* * *
Şeýle hem şu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäherinde ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we ýokary derejeli mümkinçilikleri özünde jemleýän täze şäherde halal zähmeti bilen has tapawutlanan hünärmenleriň sylaglanmagy baýramçylyk günleriniň taryhy ähmiýeti bolan wakasyna öwrüldi.
Arkadag şäheriniň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärleri, ýokary sylaglary we hormatly atlaryň güwänamalaryny uly buýsanç bilen kabul eden ildeşlerimiz mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de ata Watanymyzyň kuwwatyny, şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara gatnaşyjylar milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli dabaralaryň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrandygyny nygtadylar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy giňden beýan etmäge mynasyp goşant goşýan ildeşlerimiziň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.