Ï Türkmenistanda täze halkara lukmançylyk merkezleri açylar we 50 sany oba saglyk öýleriniň hem-de oba saglyk merkezleriniň düýbi tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda täze halkara lukmançylyk merkezleri açylar we 50 sany oba saglyk öýleriniň hem-de oba saglyk merkezleriniň düýbi tutulýar

view-icon 109
Türkmenistanda täze halkara lukmançylyk merkezleri açylar we 50 sany oba saglyk öýleriniň hem-de oba saglyk merkezleriniň düýbi tutulýar

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, Aşgabat şäherinde Halkara pediatriýa merkeziniň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bolsa «Arçman» şypahanasynyň goşmaça bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga beriljekdigini belledi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda saglyk öýüniň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze infrastruktura taslamalarynyň hem meýilleşdirilýändigini habar berdi. «Biz ýakyn wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda 50 sany oba saglyk öýleriniň we oba saglyk merkezleriniň düýbüni tutarys. Şeýle hem ýurdumyzyň Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Inçekesel hassahanasyny, Mary şäherinde welaýat köpugurly hassahanasyny, Gyzylarbat, Köneürgenç, Kerki, Ýolöten etraplarynda etrabara köpugurly hassahanalary gurmagy meýilleşdirýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.