Ï Türkmenistanly tennisçi ABŞ-da we Awstraliýada geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin bäsleşer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly tennisçi ABŞ-da we Awstraliýada geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin bäsleşer

view-icon 3
Türkmenistanly tennisçi ABŞ-da we Awstraliýada geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin bäsleşer
camera-icon
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy

13 ýaşly tennisçi Näzli Hudaýgulyýewa 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Taýlandyň Nonthaburi welaýatynda geçiriljek abraýly «GSPDP Asian 14U Junior Championships 2026» ýaryşynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik eder. Aziýanyň Tennis Federasiýasy (ATF) we Uly tuwulga (Grand Slam) oýunçylaryny ösdürmek maksatnamasy (GSPDP) tarapyndan geçirilýän iň ýokary derejeli «Category A+» toparçasyndaky bu ýaryş Aziýaly ýetginjek tennisçiler üçin halkara tennis dünýäsine çykmagyň esasy basgançagy bolup durýar.

Aziýa çempionatynda çykyş etmek hukugyny ýörite çakylyk alan, Aziýanyň iň güýçli 14 ýaşa çenli 24 oglan we 24 gyz tennisçisi gazandy. Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa hem ýokary halkara we Aziýa reýtingindäki görkezijileri netijesinde olaryň hataryna girdi. ATF-niň iň soňky çap edilen «Girls 14&Under» reýtingine görä, ol Aziýada 11-nji orny eýeleýär. Ýaryşda üstünlikli çykyş etmek «GSPDP/WT Touring Teams» halkara ýygyndylarynyň düzümine girmäge mümkinçilik berýär. Bu toparlaryň Ýewropa, ABŞ-a we beýleki sebitlerde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy Uly tuwulga ýaryşlarynyň komiteti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Taýlanddaky ýaryşyň netijeleri dünýäniň iri ýaryşlaryna gatnaşjak tennisçileri kesgitlär: ýarym finala çykan türgenler Maýamide (ABŞ) geçiriljek «Junior Orange Bowl 2026» ýaryşyna gatnaşmak üçin ýollanma alarlar, ýeňijiler bolsa GSPDP ýygyndysynyň düzümine girip, şu ýyl ABŞ-nyň Florida ştatynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşarlar we 2027-nji ýylyň ýanwarynda Awstraliýada geçiriljek «Elite 14&U Asia-Pacific Trophy» ýaryşynda çykyş ederler.

Näzli Hudaýgulyýewa 2023-nji ýyldan bäri halkara arenada işjeň çykyş edip, yzygiderli baýrakly orunlary eýeläp gelýär. Ozal Türkmenistanyň U12 zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň final gatnaşyjysy boldy. Şeýle hem Bahreýniň Manama şäherinde geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýanyň U14 çempionatynda dört altyn medal gazanyp, iki hepdelik ýaryş tapgyrynyň absolýut çempiony boldy we Aziýa çempionatynyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Geljegi uly tennisçi öz sport ussatlygyny tälimçiler Meýlis Orazmuhammedowyň we Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda kämilleşdirýär. Taýlandda geçiriljek «GSPDP Asian 14U Junior Championships 2026» ýaryşynda Näzliniň ýanynda tälimçi Meýlis Orazmuhammedow bolar.