Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

view-icon 66
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýarys. Garaşsyzlygyň bagtyna hem-de ruhlandyryjy güýjüne daýanyp, baş baýramymyzy agzybirlikde, jebislikde giňden belläp geçýäris. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyny, bagtyýar durmuşymyzy we agzybirligimizi, gazanýan üstünliklerimizi hem-de ösüşlerimizi dabaralandyrýan edebiýat, şekillendiriş, heýkeltaraşlyk, binagärlik, amaly-haşam, aýdym-saz, sahna we kino sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredýäris. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary zähmet görkezijilerini gazanyp, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny we durnuklylygyny has-da berkidýäris, mähriban halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny üpjün edýäris.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlaryny, innowasion tehnologiýaly senagat kärhanalaryny, häzirki zaman lukmançylyk we bilim merkezlerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Keremli topragymyzdan bol hasyl ýygnamak we ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmak bilen, Garaşsyzlygymyza bolan hormatymyzyň beýikdigini, söýgimiziň çäksizdigini we wepalylygymyzyň bakydygyny görkezdik. Bu işleri ýokary watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz hem-de jebisligimiz, gurujylyk we döredijilik güýjümiz bilen subut etdik. Bularyň ählisi biziň her birimizi Garaşsyzlygymyzyň nurly ýoly bilen has-da ägirt uly üstünlikleri gazanmaga, geljekki ýeňişlere we belent maksatlara tarap ynamly gadam basmaga hem-de täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şöhratly taryhynda müňýyllyklardan gözbaş alýan agzybirlik we jebislik, dostluk we ylalaşyk, gurmak we döretmek ýoluna berk eýerilip, döwletimiziň demokratik, hukuk, dünýewi binýady yzygiderli pugtalandyryldy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan tebigy baýlyklarymyz milli we ählumumy bähbitlere gönükdirilip, ykdysady galkynyşyň netijesinde senagat taýdan ösen, kuwwatly we berk binýatly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz kemala geldi. Adam döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilip, halk häkimiýetliliginiň nusgawy ýörelgelerini özünde jemleýän kämil döwlet dolandyryş edaralary we täze demokratik esaslar döredildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», Oba milli maksatnamasy esasynda häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze senagaty döredýäris. Sebitleri senagatlaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek arkaly durnukly ösüşiň ygtybarly binýadyny has-da berkidýäris.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz esasynda amala aşyrylýan nusgalyk işler halkymyzyň bagtyýarlygyny hem-de agzybirligini has-da pugtalandyrýar, täze üstünlikleri, ykdysady galkynyşlary hem-de bütindünýä ykrarnamalaryny gazanmaga ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistan Garaşsyzlygy ykrar edilen ilkinji günlerden müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk we ynanyşmak taglymatlaryna, parahatçylyk we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny we halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyň milli ýoluny saýlap aldy. Geçen 35 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden, ýokary derejeli sammitlerde, forumlarda, maslahatlarda bitaraplyk, öňüni alyş, energetika, ulag, ekologiýa, ylmy-lukmançylyk, medeni diplomatiýa boýunça öňe süren başlangyçlary bütin adamzat üçin örän bähbitli ählumumy tekliplere öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň üç gezek kabul edilmegi parahatçylyk söýüji daşary syýasatymyzda gazanan ägirt uly ýeňişlerimizdir. Geljekde hem biz biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk düşünjelerimize hem-de taglymatlarymyza eýerip, ähli tagallalarymyzy halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, ählumumy ösüşi we abadançylygy gazanmaga gönükdireris.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglygyny, asuda we abadan durmuşy, egsilmez bagty, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.