Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 10

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gruziýada halklarymyzy köp ýyllaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, özara ynanyşmak hem-de birek-biregiň milli bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine Siziň uly şahsy goşandyňyzy aýratyn bellemek isleýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mihail Kawelaşwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Doganlyk Türkmenistan bu şanly baýramy ýokary halkara abraýa eýe bolan, ösen döwlet hökmünde garşylaýar. Onuň binýadynda umumymilli ylalaşyk we agzybirlik, baý milli medeniýet hem-de türkmen halkynyň döredijilik ruhy bardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda Siziň ýurduňyz durmuş-ykdysady ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýerýän döwlet hökmünde halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň öňe ynamly gadamlaryny dowam etdirjekdigine, durmuş-ykdysady ulgamda hem-de halkara giňişlikde täze belent sepgitleri eýelejekdigine ynanýaryn.

Gazagystanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara aýratyn sarpa goýulýar, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ruhunda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, bu ajaýyp günde Size jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi, halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrdy.

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Belent mertebeli Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynyň dowamynda biziň ýurtlarymyzy dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyryp gelýär. Germaniýanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklarymyz hem yzygiderli pugtalandyrylýar.

Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Frank-Walter Ştaýnmaýer,
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Men we meniň maşgalam Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris.

Bu şanly sene halklarymyzyň arasyndaky mizemez dostlugy dabaralandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň häzirki ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrys. Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň, hususan-da, howanyň üýtgemegi we tebigaty gorap saklamak bilen baglanyşykly meseleleriň ýüze çykýan wagtynda ýurtlarymyzyň uzak möhletli çözgütleri tapmak üçin bilelikdäki işleri dowam etjekdiklerine ynanýaryn.

Öz adymdan, şeýle hem maşgalamyň adyndan Size we ähli türkmen halkyna mundan beýläk-de parahatçylyk, ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy
Karl III maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Willem-Aleksandr,
Niderlandlaryň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Şanly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Malaýziýa Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň özara hormat goýmak esasynda we iki halkyň abadançylygynyň hem-de parahatçylygynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Soltan Ibrahim,
Malaýziýanyň Ýokary Baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, ýurduňyzyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy uly şatlyk bilen beýan edýärin.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Naruhito,
Ýaponiýanyň Imperatory.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Italiýa Respublikasynyň adyndan we hut öz adymdan Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky barha pugtalandyrylýan dostlukly gatnaşyklar syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge ýardam berýär. Siziň bilen geçen ýylyň oktýabr aýynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Bu gepleşikler ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn dialoga täze itergi bermäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Şeýle hem Italiýa sebit derejesindäki hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegini goldaýar. “Italiýa — Merkezi Aziýa” formaty bilelikdäki täze başlangyçlary öňe sürmek we häzirki döwrüň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň tutuş sebitde özara gatnaşyklary we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Jenap Prezident, şu günki dabaraly sene mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin!

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Ukraina ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berk ygrarly bolmagynda galýar.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistan durmuş we syýasy özgertmeleriň, ykdysady ösüşiň we sebit hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Bilelikdäki tagallalarymyz bilen, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Waagn Haçaturýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Ispaniýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Jenap Prezident, Size abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Filipp VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Marokko Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara çuňňur kanagatlanma bildirýändigimi beýan etmek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Siziň bilen bilelikdäki işimizi dowam etjekdigimize umyt edýärin. Munuň özi halklarymyzyň bähbidine dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Geçen ýylyň dowamynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklar, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aprel aýynda Wena amala aşyran sapary biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşdy.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Aleksandr Wan der Bellen,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Kipr Respublikasynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky umumy gymmatlyklara esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýär. Özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.

Şunuň bilen birlikde, mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamalaryna laýyklykda, halkara meseleleriň adalatly çözgüdini tapmak ugrunda biziň tagallalarymyzy goldaýandygy üçin Türkmenistana hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi hem-de halkyňyzyň abadançylygy baradaky arzuwlarymy kabul ediň!

Hormatlamak bilen,

Nikos Hristodulidis,
Kipr Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Kubanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Pursatdan peýdalanyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary geljekde hem giňeltmäge taýýardygymyzy ýene bir gezek tassyklamak isleýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Migel Mario Dias-Kanel Bermudes,
Kuba Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, eziz doganym!

Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Şeýle hem dostlukly halklarymyzyň bähbidine özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed Uld Şeýh Gazwani,
Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistana we onuň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk we abadançylyk dileg edýärin.

Bu şanly milli baýramçylyk mynasybetli Palestina Döwletini we Türkmenistany baglanyşdyrýan özara hormat esasyndaky dostlukly gatnaşyklara buýsanjymyzy, şeýle hem Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna bildirýän yzygiderli goldawyna ýokary baha berýändigimizi ýene-de bir gezek beýan edýäris.

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.