Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystanyň Baştutany iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Gahryman Arkadagymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Şeýle hem myhmanyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň däp bolan dostluk we netijeli häsiýetine eýedigini tassyklaýandygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň bu hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli we netijeli esasda ösdürilýär. Ýokary derejede geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň maý aýynda Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygy bellenildi.
Tatarystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar hem-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş, rowaçlyk arzuw etdiler.