Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy öňdebaryjy infrastruktura bilen üpjün edilip, gözel tebigy landşaft bilen gurşalandyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy öňdebaryjy infrastruktura bilen üpjün edilip, gözel tebigy landşaft bilen gurşalandyr

view-icon 240
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy öňdebaryjy infrastruktura bilen üpjün edilip, gözel tebigy landşaft bilen gurşalandyr

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow giň gerimli desganyň sport we türgenleşik üpjünçiligine, şeýle hem abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berdi.

Gahryman Arkadagymyz atçylyk sporty boýunça türgenleşikleri geçirmäge niýetlenen açyk we ýapyk manežleriň hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigini geçirmäge niýetlenen meýdançanyň döwrebap derejede gurlandygyny belledi. Bu ýerde atlar üçin niýetlenen fotostudiýa hem enjamlaşdyryldy. Onda ýylyň dört paslyny alamatlandyrýan görnüşler atlar bilen surata düşýänlerde ýakymly täsirleri galdyrar. Häzirki zaman athanalary, atlary seýislemek üçin niýetlenen bina, atlaryň suwda türgenleşdirilýän desgasy, çapuw ýodalary, at çapyşyklaryna tomaşa etmäge niýetlenen münberler häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýär.

Topluma gelýän ýol, şeýle-de yşyklandyryş ulgamy hem doly döwrebaplaşdyryldy. Ýoluň başy ady belli «Ýanardag» binasy hem-de «Atly aýlaw» heýkeli bilen bezelen. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň döredilmeginiň bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokary bolmagyny üpjün edýändigi bellenildi.