Ï Nusgawy sazlaryň dünýäsine syýahat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nusgawy sazlaryň dünýäsine syýahat

view-icon 147
Nusgawy sazlaryň dünýäsine syýahat

Ýakynda paýtagtymyzyň ýokary sungat muşdaklary «Wladimir Mkrtumow bilen saz barada» atly duşuşygyň ýene bir agşamy üçin «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň «Iş nokady» işewürlik merkezinde ýygnandylar. Bu sazly agşam «Nusgawy sazlaryň mahmal möwsümi. Sazly syýahatlar» diýen ady aldy we oňa gatnaşanlaryň ählisi üçin ajaýyp sowgat boldy.

«Iş nokady» işewürlik merkeziniň içki bezegi, sahna enjamlary we ajaýyp akustikasy myhmanlary owaz dünýäsine rahatlyk bilen aralaşdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow tomaşaçylary nusgawy sazyň üsti bilen döwürlere we ýurtlara syýahata alyp gitdi. Ýoldaky her bir düşleme halypanyň täze hekaýaty, beýik kompozitorlaryň hatlaryndan parçalar we, elbetde, haýran galdyryjy saz bilen janlanýardy.

«Italiýa dynç alyşlary» tomaşaçylara Pýotr Iliç Çaýkowskiniň, Feliks Mendelsonyň we Sergeý Rahmaninowyň güneş çogly sazlaryny sowgat etdi. «Pariž agşamlary» myhmanlara Klod Debýussiniň eserleriniň nepis fransuz mähirliligini getirdi. «Gündogar ekspressi» tomaşaçylary Arno Babajanýanyň öwüşginli sazly manzaralarynyň içinden geçirdi, «Dogduk kenar» bolsa ajaýyp türkmen kompozitorlary Çary Nurymowyň we Nury Halmämmedowyň kalbyndan joşup çykan çuňňur manyly eserler bilen syýahatçylary asyl mekana gaýtaryp getirdi.

Tomaşaçylar artistiň çykyşyna uly hoşallyk we goldaw bilen jogap berdiler. Zal dym-dyrslyk içinde sazlaryň her bir owazyny üns bilen diňledi, çykyşlaryň ahyrynda bolsa uzak wagtlap dowam eden, mähirli el çarpyşmalar bilen ýaňlandy.

Agşamyň täsirli jemleýji pursady hökmünde her bir myhmana taýýarlanan aýratyn sowgatlar – goş torbalarynyň bellikleri gowşuryldy. Bellikleriň arka ýüzünde eýesiniň maglumatlaryny görkezmek üçin ýer goýlupdyr. Goşlaryň ýitmezligi üçin bolsa her bir bellik ýolda gorap saklajak alaja bilen çemodana berkidilýär.

Diňleýjiler gurnaýjylara hoşallyk bildirip, «Saz hakynda» taslamasyna geljekde uly üstünlikleri arzuw etdiler!