Aşgabatda Ýewropanyň Medeniýet günleri badalga aldy. Hepdäniň iň köp garaşylýan wakalarynyň hatarynda meşhur italýan jaz aýdymçysy, kompozitor we mugallym Simona De Rozanyň konserti bar. Ol eýýäm Türkmenistanyň paýtagtyna geldi. Sazly agşamyň öňüsyrasynda myhman jaz sungatynyň muşdaklary, talyplar we sazandalar bilen duşuşyp, jaz eserlerini ýerine ýetirmek boýunça döredijilik ussatlyk sapagyny geçirdi.
Duşuşygyň amaly bölegine geçmezden ozal, aýdymçy özüniň sungat ýolunyň taryhy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, saz sungatyna bolan höwesiň döremeginde ejesiniň orny uly bolupdyr. Emma ol jaz sazyna dessine gelmändir. Ilkibaşda düýpli saz bilimi we rok toparynyň düzüminde çykyş etmek tejribesi bolupdyr. Diňe şondan soň sungat işgäri jaz sazyna çynlakaý gyzyklanyp başlapdyr. Soňra Nýu-Ýorkdaky Kuins kollejiniň («Queens College NYC») uçurymy dürli saz stillerinde, dillerde we medeni gurşawlarda özboluşly çykyş etmek ukyby hem-de köpugurly zehini bilen giňden tanalypdyr.

Häzirki wagtda Italiýanyň Neapol şäherinde doglan Simona De Roza halkara derejesinde ykrar edilen, Nýu-Ýorkuň talapkär jaz sahnasynda öz mynasyp ornuny eýelän aýdymçydyr. Ol dury we täsirli sesi, şeýle hem pursatlaýyn improwizasiýa ussatlygy bilen tanalýar. Aýdymçy özbaşdak ýerine ýetiriji hökmünde bäş sany albom çykardy, şeýle-de jaz, etniki we häzirki zaman saz ugurlaryndaky köp sanly bilelikdäki taslamalara gatnaşdy.
Simona De Rozanyň saz äheňi nusgawy jaz däpleriniň, häzirki zaman ýaňlanmalarynyň we etniki sazyň inçe sazlaşygyndan ybaratdyr. Aýdymçy ABŞ-da, Ýewropada, Hytaýda we Wýetnamda işjeň konsert saparlarynda bolýar, Gazagystanda çykyş etdi. Ol köplenç Ýewropanyň öňdebaryjy orkestrleriniň sazandarlygynda çykyş edýär we halkara derejesinde tanalýan jaz toparlary bilen hyzmatdaşlyk edýär.

– Men Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn, bu ýerdäki ähli zat meniň üçin täzelik. Häzirki wagtda milli sazyňyzy uly gyzyklanma bilen öwrenýärin. Konsertime geljek tomaşaçylara bir täzeligiň garaşýandygyny hem häzirden aýdyp bilerin: biz türkmenistanly kärdeşim bilen bilelikde meşhur türkmen aýdymlaryny ýerine ýetireris. Men halk döredijiligini, halk heňlerini örän gowy görýärin we olara jaz improwizasiýasyny hem-de hekaýa gürrüň beriş sungatynyň elementlerini goşýaryn – diýip, sungat işgäri belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda aýdymçy döredijiliginde meşhur Billi Holideýiň we sahnanyň beýleki görnükli ussatlarynyň özüne ylham berýändigini hem gürrüň berdi. Soňra jaz pianinoçysy Mihal Seselskiniň sazandarlygynda Simona De Roza birnäçe kompozisiýany ýerine ýetirip, wokal tehnikasynyň we ritm bilen işlemegiň inçe tärlerini aýdyň görkezdi.

Duşuşygyň iň gyzykly pursatlarynda oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, belli aýdymçy Bahar Durdyýewa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň wekilleri goşuldylar. Myhmanlar döredijilik improwizasiýasyna uly höwes bilen goşulyp, bilelikde birnäçe saz böleklerini ýerine ýetirdiler we hünär tejribelerini paýlaşdylar. Munuň özi duşuşyga aýratyn mähirli öwüşgin çaýyp, halkara döredijilik hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.
Ussatlyk sapagyna gatnaşan ýaşlar italýan myhmany bilen uly gyzyklanma bilen söhbetdeş boldular. Öňde boljak konserte tolgunma bilen garaşýan gatnaşyjylar ýatdan çykmajak täsirleri we ýakymly duýgulary başdan geçirip, sungat işgärine açyk göwünliligi üçin hoşallyk bildirdiler hem-de myhmansöýer Aşgabadyň sahnasynda üstünlikli çykyş etmegini arzuw etdiler.