Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke tohumly bedewleriň köp sanly muşdaklary gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, K.A. Timirýazew adyndaky Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň atçylyk muzeýiniň ylmy işgäri, makalalaryň awtory, fotosuratçy hem-de bu tohuma uly gyzyklanma bildirýän Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa hem bardy.

Ýuliýa Kuznesowa üçin Türkmenistan ikinji öýi ýalydyr. Ol bu ýurda ýene-de gaýdyp gelmek isleýär, sebäbi bu ýerde gyzykly we heniz öwrenilmedik zatlar örän köp. K.A. Timirýazew adyndaky Moskwa oba hojalyk akademiýasynyň atçylyk boýunça ilkinji ýöriteleşdirilen toparynyň uçurymy bolan Ýuliýa Kuznesowa ýaşlyk ýyllarynda at çapmaga höwes edipdir. Öz yhlasy we başdan geçirmelere bolan tükeniksiz höwesi netijesinde ol 1983, 1984 we 1986-njy ýyllarda Türkmenistanda geçirilen üç uzak aralykly atly ýörişe gatnaşypdyr.
Bu marafonlaryň her biriniň özboluşly taryhy bar. Emma bularyň ählisini Moskwadaky we Türkmenistandaky wepaly ýoldaşlaryň kömegi bolmazdan amala aşyrmak mümkin däldi.

— Hemme zat bir pikirden başlandy, — diýip, Ýuliýa Kuznesowa gürrüň berýär. — 1983-nji ýylda biz — iki moskwaly we iki ýerli türkmen — atly ýöriş guramagy karar etdik. Men atly goşun polkunyň serkerdesine eýerleri bermegini haýyş edip hat ýazdym. Bagtymyza, bize eýerleri berdiler we biz şol eýerler bilen Türkmenistana geldik. Bu ýerde bize Aşgabat — Garrygala (häzirki Magtymguly şäheri) — Gerkez we yzyna ugur boýunça geçiriljek ýöriş üçin iň gowy dört bedewi saýlamaga kömek etdiler.
— 1984-nji ýylda meniň ýoldaşym Wolodýa Walteran boldy we ikimiz Aşgabat — Gökdepe — Bäherden — Aşgabat ugry boýunça atly ýörişe gatnaşdyk. 1986-njy ýylda bolsa Aşgabat — Köneürgenç — Aşgabat ugry boýunça uly atly ýöriş geçirildi. Bu meniň joşgunly ýaşlyk ýyllarymdy — diýip, Ýuliýa Kuznesowa ýylgyrýar.

Onuň terjimehalynda at çapyşyklary we hatda olardaky ýeňişler hem bar. Ol Moskwanyň golaýyndaky Wolokolamsk şäherinde doguldy. Ol ýerde ne öýünde, ne-de mekdebinde atlar hakynda gürrüň edilýärdi, emma näme üçindir atlar onuň düýşüne girýärdi. Russiýaly hünärmen eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri ahalteke bedewlerini wagyz etmek bilen meşgullanýar.
Arassa ganly ahalteke tohumyna bagyşlanan «Ahalteke inform» atly her ýyl çykarylýan maglumat-seljeriş almanahyň baş redaktory bolmak bilen, Ýuliýa Kuznesowa ahalteke bedewleriniň taryhy arhiw maglumatlaryny, ylmy we seçgi işlerini, ugurdaş wakalaryň ýyl ýazgylaryny, şeýle hem görnükli bedewler, tälimçiler, seýisler we ömrüni bu tohum bilen baglanyşdyran sungat işgärleri baradaky makalalary öz içine alýan maglumatlaryň neşir edilmegine ýolbaşçylyk etdi.
Almanah we onuň redaktory birnäçe gezek hünär baýraklaryna mynasyp boldy. Olaryň arasynda «Zolotoýe Pero Rusi» («Rusýanyň Altyn Galamy») halkara edebi baýragy hem bar. 2018-nji ýylda ahalteke bedewlerini wagyz etmekde goşan goşandy üçin Ýuliýa Kuznesowa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
2024-nji ýylda «Ahalteke inform» almanahynyň «Biz we olar» atly ýörite sany çapdan çykdy. Ol köp ýyllaryň dowamynda alnyp barlan publisistik işleriň özboluşly jemine öwrüldi. Häzirki wagtda Ýuliýa Kuznesowa Moskwadaky K.A. Timirýazew adyndaky Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň Ylmy-çeperçilik atçylyk muzeýinde zähmet çekmegini dowam etdirýär. Bu muzeý Russiýada iň uly we dünýäde özboluşly ýygyndylaryň biri bolup, onda bütinleý atlara bagyşlanan şekillendiriş sungaty eserleriniň we dürli maglumatlaryň uly toplumy saklanýar.
Aşgabada saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy Häzirki zaman sungaty galereýasyna baryp gördi we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradowa «Atçylyk muzeýiniň zallary boýunça» atly albomy sowgat berdi. Bu şekillendiriş sungatynyň atçylyk žanryna degişli eserleriniň dünýäniň iň uly ýygyndysynyň baýlyklaryny ilkinji gezek giňişleýin açyp görkezýän şekilli neşirdir.
— Türkmenistanda tohumçylyk işiniň ähli ugurlary iň ýokary derejede ösdürilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumy meni diýseň haýran galdyrdy. Bu ýerde at çapylýan ýol, amatly at saklanýan ýerleri bolan giň athanalar, ajaýyp münberler we häzirki zaman atçylyk sport toplumy kämil derejede oýlanyşykly gurlupdyr. Emma bu giňişligiň esasy bezegi, elbetde, ajaýyp ahalteke bedewleridir. Türkmenistana bu asylly pudagy ösdürmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin, — diýip, Ýuliýa Kuznesowa belledi.