Ï Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi

view-icon 121
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz güni bellenildi
camera-icon
Ýusup Turşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara saz gününe — sazandalaryň, bagşylaryň, kompozitorlaryň we dirižýorlaryň hünär baýramçylygyna bagyşlanan konsert boldy. Ony kamera ansambly bölüminiň mugallymlary gurady. Hemişe bolşy ýaly, öňden gelýän däbe görä, konserti dutar açdy.


Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Laçyn Hudaýberdiýewa nesilden-nesle söýlüp diňlenýän «Şirin-şeker» halk sazyny ýerine ýetirdi. Halkara garrylar gününe bagyşlanan konsertiň hem hormatly myhmany bolan adamlaryň arsynda gartaşanlary-da az bolmadyk tomaşaçylar bu ilhalar sazy mähirli garşyladylar.

Konsertde Şarl Gunonyň, Mosartyň, Luiji Arditiniň, Sebastýan Bahyň we beýleki ýewropaly kompozitorlaryň eserleri hem ýerine ýetirildi. Türkmenistanly kompozitorlaryň eserlerine köp orun berildi. Sopranolar — Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdirowa we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Bahar Durdyýewanyň ikilikde ýerine ýetiren Feliks Mendelsonyň "Güýz aýdymy" özboluşly ýaňlandy. Güýz aňrybaş näzikligi, iki aýdymçynyň dury sesleriniň owazy bilen ähli gözelliginde göz öňünde janlandy.

Konsertde instrumental eserler hem ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow Wolfgaň Amadeý Mosartyň 18-nji sonatasyny ýerine ýetirdi. Konserwatoriýanyň bäşinji ýyl talyby Seýran Atanyýazow Pýotr Iliç Çaýkowskiniň «Ukydaky gözel» baletinden bir parçany skripkada ýerine ýetirdi. Birinji ýyl talyby Assel Ruslanowa kompozitor Ýewa del Akuanyň «Willanella» eserinden çylşyrymly parçalary, owazlary we ýokary notalary ýerine ýetirmegi bilen tomaşaçylary begendirdi. Bu iki artistiň — Seýran bilen Assolyň oktýabr aýynyň başynda Duşenbede geçiriljek GDA ýurtlarynyň ýaş medeniýet we sungat işgärleri üçin Delfi oýunlaryna gatnaşmaga çagyrylmagy bellenmäge mynasypdyr. Tomaşaçylar olara halkara döredijilik forumynda ýurdumyzy mynasyp derejede görkezmekde üstünlik arzuw etdiler.

Türkmen nusgawy saz eserlerinden Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» filminden «Aýnanyň balladasy» agşamyň maksatnamasyna girizildi. Ony Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Arzygül Gylyjowanyň ýerine ýetirmeginde Durdy Nuryýewiň «Garşy» aýdymy ýaňlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaýypow Nury Halmämmedowyň «Keýp» aýdymy bilen tomaşaçylaryň ruhuna ruh goşdy. Konserti alyp baryjylar halkara bäsleşigiň ýeňijisi Stella Faramazowa we Enejan Nuryýewa boldy.

Konsert Çary Nurymowyň «Toý aýdymy» bilen tamamlandy. Jemleýji aýdym üçin sazly agşama gatnaşan ähli aýdymçylar sahna çykdylar.