Ï Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

view-icon 96
Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 554 medal gazanmagy başardylar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň dokuz aýynda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Ýurdumyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip, iýul-awgust aýlarynda 83 medal gazandylar. Şeýlelikde, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň gazanan medallarynyň sany 554-e ýetdi.

Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyş pudagynda hem-de sport babatda alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, ýaş nesliň bilim edaralarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim alşyny guramak meselesine aýratyn üns berilmelidigi bellenildi.