Ï Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

view-icon 87
Milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň möhüm meselelerine uly orun berildi. Watanymyzyň döwlet strategiýasynda bolşy ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek onuň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygyny berkitmek we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, şeýle hem derman senagatyny ösdürmek ugrunda öňdengörüjilikli başlangyçlary häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Geçen döwrüň içinde, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen Diýarymyzda yzygiderli kämilleşdirilýän saglygy goraýşyň milli nusgasyny kemala getirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Onuň konsepsiýasynda halkara ölçegleri we öňdebaryjy lukmançylyk tejribelerini ornaşdyrmak ugry toplanan baý tejribe, şeýle hem türkmen topragynyň baý dermanlyk ösümlik we balneologik serişdelerinden peýdalanmaga esaslanýan halk lukmançylygynyň däplerine aýawly çemeleşmek ugry bilen sazlaşykly utgaşýar. Ýurdumyzda saglygy goraýşyň döwrebap ulgamynyň döredilmeginde, şeýle hem halk tebipçiliginde milli mirasyň ylmy taýdan öwrenilmeginde we wagyz edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmaty bimöçberdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň 2025-nji ýylda neşir edilen «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynda statistiki maglumatlara esaslanylyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzyň bu ulgamda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu hemmetaraplaýyn ylmy döredijiliginde saglygy goraýyş ulgamynyň guralyşy we dolandyrylyşy, onuň maliýe, maddy-tehniki we işgärler üpjünçiligi, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşy, şeýle hem bejeriş-öňüni alyş işleri, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ýaly ugurlar içgin seljerilýär. Bölümleriniň biriniň “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýlip atlandyrylmagy kitabyň baş pikiri bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňdebaryjy tejribäniň we innowasion tehnologiýalaryň bu ulgamyň ähli düzümlerine giňden ornaşdyrylýandygyny nygtamak bilen, ýörite bölümde sanly lukmançylygy ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň köp daşary ýurt dillerine terjime edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri häzirki wagtda bütin dünýäde meşhurdyr. Onuň XVII jildi geçen ýylyň oktýabr aýynda hünärmenlere hem-de giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şol kitabyň sahypalarynda 107 sany dermanlyk ösümlik we olary halk lukmançylygynda ulanmagyň usullary barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Watanymyzyň sagaldyş-dynç alyş merkezi hökmündäki ägirt uly kuwwaty türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ajaýyp kitabynda hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we işjeň gatnaşmagynda 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal «Saglyk» Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ol ilatymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga, ugurdaş düzümi toplumlaýyn ösdürmäge, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen möhüm ulgamdaky giň gerimli özgertmeleriň binýadyna öwrüldi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän, öňdebaryjy enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen hassahanalar, anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezler, saglyk öýleri hem-de şypahanalar gurlup ulanmaga berildi.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly, şeýle hem ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny işjeň ilerledýän ýurt hökmündäki halkara abraýynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etdi. Şu ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen 2026 — 2052-nji ýyllar üçin degişli Milli strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygy çygrynda döwletiň esasy wezipelerini kesgitleýän bu resminama daşary ýurtly hyzmatdaşlar we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Giň halkara hyzmatdaşlyk milli saglygy goraýyş ulgamyna öňdebaryjy dünýä tejribesiniň we innowasion tehnologiýalaryň, şol sanda telelukmançylyk, ýadro we sanly lukmançylyk pudagyndaky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzyň hünärmenlerine dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezlerinde iş tejribeligini geçmäge, şeýle hem Türkmenistana çagyrylýan belli professorlar bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Däp boýunça paýtagtymyzda her ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat lukmançylygyň öňdebaryjy gazananlary, keselleri anyklamagyň we bejermegiň täze usullary, döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar bilen tanyşdyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş, sagaldyş-dikeldiş we derman senagaty ýaly ähli esasy ugurlary üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamyň dürli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyny tassyklamak hakynda Kararlara gol çekendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda 2024 — 2028-nji ýyllar üçin niýetlenen Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň Milli maksatnamasy, Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň Milli strategiýasy, Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça Milli maksatnamasy bar. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz ilatymyzy derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler bilen üpjün etmäge, saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe halkara merkezlerini döretmäge, şeýle hem Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe Kararlara gol çekdi.

Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda dürli ugurly täze lukmançylyk desgalary ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Aşgabatda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açyldy. Täze saglygy goraýyş edaralary sebitlerde hem bina edildi. Hususan-da, şol ýylda Türkmenabatda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana, Mary welaýatynda bolsa welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasy ulanmaga berildi.

2025-nji ýylda paýtagtymyzda öňdebaryjy ýapon we nemes öndürijileriniň sanly tehnologiýalary hem-de emeli aň ulanylýan kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglyk öýüniň açylmagy Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady boldy. Şol wagt Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde açylyp ulanmaga berlen 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň ähli bölümleri hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Hytaýyň, Polşanyň, Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň döwrebap saglygy goraýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Mundan başga-da, geçen ýyl paýtagtymyzda we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde, degişlilikde, 500 we 300 orunlyk köpugurly hassahanalaryň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde bolsa 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenýän 2026-njy ýylda hem milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz lukmançylyk hem-de sagaldyş edaralarynyň gurluşygynyň barşyny hut özleri gözden geçirip, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Mälim bolşy ýaly, awgust aýynda döwlet Baştutanymyz ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze üç desganyň gurluşygy bilen tanyşdy. Bu desgalaryň açylyş dabaralaryny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap geçirmek meýilleşdirilýär.

19-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna baryp, goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda şypahana düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, onuň melhem suwly çeşmesiniň suw gorlaryny mundan beýläk hem ylmy esasda öwrenmek we bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmek babatda anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, 21-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan, 3 ýaşdan uly bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge niýetlenen Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, şeýle hem ýatymlaýyn otaglary bilen içgin tanşyp, ýaş raýatlarymyzyň saglyklaryny dikeltmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň, merkeziň işinde halkara tejribä we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 26-njy awgustda paýtagtymyzda gurluşygy dowam edýän Stomatologiýa merkezine bardy we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze lukmançylyk edarasynda ýokary bilimli hünärmenler zähmet çeker. Öňdebaryjy innowasion sanly lukmançylyk we emeli aň tehnologiýalaryny özünde jemleýän merkeziň kämil enjamlary birnäçe amallary gysga wagtyň dowamynda we ýokary hil derejesinde amala aşyrmaga, äň-ýüz böleklerinde çylşyrymly operatiw bejergilerde, rekonstruktiw hirurgiki amallarda ýokary derejede ygtybarly netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer.

22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli ýene bir täze lukmançylyk desgasy bolan, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Merkeziň gurluşygynyň barşy bilen tanyşlyk çäresine gatnaşan germaniýaly dünýä belli lukmanlar — Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň we dostlukly ýurduň hususy lukmançylyk tejribe merkeziniň lukmanlary bu ýerde gurnalan enjamlaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada Gahryman Arkadagymyza maglumat berdiler. Olar merkeziň enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berip, enjamlaryň köpüsiniň ilkinji gezek şu ýerde ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellediler.

Lukman Arkadagymyz myhmanlar bilen söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen saglygy goraýyş, şol sanda onkologiýa, howply keselleriň öňüni almak we bejermek boýunça netijeli gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnama bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze lukmançylyk edaralary döwletimiz tarapyndan raýatlarymyza, şol sanda aýratyn üns-alada bilen gurşalan ýaşajyk raýatlarymyza hemmetaraplaýyn ýardam berilýändiginiň nobatdaky mysallarydyr. Muňa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede alyp barýan ynsanperwerlik işlerinde hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu ýyl ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak we sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ugrunda gysga döwrüň içinde ägirt uly işleri bitiren gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bellenilip geçildi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna welaýat, etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlary satyn alyndy, olara häzirki zaman «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç çagalara dürli operasiýalar, bejergiler geçirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasynyň möhüm bölegidir. Bu ýerde çagalaryň saglygy dikeldilýär, şeýle hem merkeziň düzüminde hereket edýän çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň döredijilik ukyplary ösdürilýär.

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy halkara ölçeglere laýyk gelýän dürli maksatly lukmançylyk serişdelerini we çaga iýmitlerini öndürýär. Kärhananyň «World Food Moscow 2025» halkara sergisinde önümleriň ýokary hili we ekologik taýdan arassalygy üçin “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp bolmagy munuň şeýledigini aýdyň görkezdi.

Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara ynsanperwerlik ulgamynda alyp barýan işiniň gerimini has-da giňeldýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän haýyr-sahawat däplerine we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, gazna dürli ýurtlarda tebigy betbagtçylyklardan ejir çeken çagalara kömek we goldaw berýär. Haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň we Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalar çagalaryň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu şanly ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Milli maksatnamanyň esasy maksatlary we wezipeleri eneleriň we çagalaryň arasynda keselleriň öňüni almakdan, olaryň saglyk ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama degişli düzümi, reproduktiw we perinatal gulluklaryny döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge we maşgala institutynyň ygtybarly durmuş goragyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, milli saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy ýokary depginler bilen ösmegini dowam edip, halkymyzyň bähbidine hyzmat edýär.