Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

view-icon 125
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Biraz wagtdan Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli garşylanyldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli garşylady.

Bu ýerde bolan duşuşygyň barşynda Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy dünýä belli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän giň gerimli halkara çäreler mynasybetli gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize iberen salamyny, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Walentina Matwiýenko hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar dürli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeldýärler. Şeýle hem ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklar özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, bu gatnaşyklar berk dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet derejesinde ýola goýlan netijeli we dostlukly gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny şertlendirýär.

Awazada halkara zenanlar dialogynyň geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi Türkmenistanda zenanlaryň zähmetine we ösüş ýollaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Şeýle hem myhman Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän halkara çäreleriň guramaçylykly we netijeli häsiýete eýe bolmagynda mynasyp paýynyň bardygyny belledi.

Häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli syýasy-ykdysady gatnaşyklar, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi özara tejribe alyşmakda we parlamentara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.

Bellenilişi ýaly, ertirki geçiriljek halkara çäreler halkara gatnaşyklaryň taryhynda ygtybarly meýdança bolup hyzmat eder. Mundan başga-da, iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamy boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Häzirki döwürde Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň müňlerçesi bilim alýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirildi. Aýratyn-da, “Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny” atly halkara zenanlar dialogynyň işine üstünlik arzuw edildi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Biraz salymdan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.