Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy

view-icon 136
Türkmenistanyň wekiliýeti Kiotoda geçirilen «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara foruma gatnaşdy

Ýaponiýa bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti «Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» (STS) atly halkara foruma, şeýle hem onuň çäklerinde geçen Ylym we tehnologiýalar ministrleriniň derejesindäki «tegelek stoluň» 22-nji mejlisine gatnaşdy.

Forumyň dabaraly açylyşy 4-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde geçirildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti foruma gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlenip, çykyşynda ylmy innowasiýalaryň ählumumy durnukly ösüşe, parahatçylyga we adamzadyň abadançylygyna gulluk etmelidigini nygtady.

«Jemgyýetde ylym we tehnologiýalar» atly halkara forumynyň başlygy Hiroşi Komiýamanyň çykyşynda ylym we tehnologiýalaryň çalt ösýän eýýamynda dünýäniň öňünde durýan wezipeleri ýeňip geçmek we täze mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin halkara hyzmatdaşlygyň we köptaraply gepleşikleriň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Forumyň umumy we ugurdaş mejlislerinde 2030-njy ýyla çenli we ondan soňky döwür üçin ösüş mümkinçiliklerine garaldy. Emeli aň, biotehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energetika ýaly ugurlaryň ahlak kadalarynyň esasynda ösdürilmegine aýratyn üns berildi.

Forumyň dowamynda London Patyşalyk jemgyýetiniň ýerine ýetiriji direktory Juli Makstonyň başlyklyk etmeginde umumy mejlis geçirildi. Onda emeli aňyň jemgyýete ýetirýän oňyn täsiri bilen bir hatarda, onuň bilen bagly bolan ahlak we amaly töwekgelçilikler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlislerde ylmy gazanylanlary daşky gurşawy goramak maksatlary bilen utgaşdyrmak, sanlylaşdyrylma şertlerinde adam mümkinçiliklerine maýa goýumlary artdyrmak we hünärmenleriň täze neslini taýýarlamakda ýokary okuw mekdepleriň eýeleýän orny boýunça gymmatly pikirler beýan edildi. Gatnaşyjylaryň bu gepleşikleri forumyň ylym bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygy berkitmekdäki möhüm waka hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrdy.

Çäräniň dowamynda 5-nji oktýabrda «Academy of Science Presidents' Meeting» («Ylymlar akademiýalarynyň prezidentleriniň duşuşygy») atly ýörite mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrow çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň ylmy-barlag işlerini ösdürmek, önümçilige ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaş alymlary goldamak we taýýarlamak boýunça döwlet syýasatynyň strategiýasyny giňişleýin beýan etdi. Çykyş eden durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmegiň, bilelikdäki innowasion taslamalary amala aşyrmagyň we ylymlar akademiýalarynyň arasynda tejribe alyşmagyň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmen wekiliýetiniň bu foruma gatnaşmagy halkara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, ýurduň bilim we ylmy-barlag mümkinçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli bilim we ylym edaralarynyň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.

Türkmen wekiliýetiniň ylym, bilim we tehnologiýa hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen Ýaponiýa guralan sapary 8-nji oktýabra çenli dowam eder.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we tehnologik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirendigi barada biz ozal habar beripdik.