«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza ýurtlaryň, Türkiýe Respublikasynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar.
Forumda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz çykyşynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn giňeltmäge aýratyn üns berilýändigini nygtady.
«Döwletimiz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan syýasat zenanlaryň ýokary jemgyýetçilik, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda türkmen zenanlary öz başarnyklaryna we hünär taýýarlyklaryna laýyklykda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Şunda zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işine, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamyna gatnaşmagyny hemmetaraplaýyn goldamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar» diýip, Mejlisiň Başlygy belledi.
Parlamentiň ýolbaşçysy zenanlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegi üçin zerur şertleri döretmegiň ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini hem aýtdy.
Türkmenistan gender deňligi ýörelgelerine milli we halkara derejede yzygiderli ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Bu bolsa jemgyýetiň durnukly ösüşine gönükdirilen strategik ugruň aýrylmaz bölegi bolup durýar.