Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gyrgyz Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanda Sadyr Žaparowyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazada geçirilýän duşuşyklaryň bolsa netijeli pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik bolup durýandygyny aýdyp, Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki sаparynyň hem ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly goşandyny belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasyny doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklar birleşdirýär. Taraplaryň syýasy erki hem-de ýakyn hyzmatdaşlyga bolan özara ygrarlylygy döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Biziň ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy alyp barmak bilen, halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de we GDA-da, şeýle hem beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler — diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu ýylyň iýul aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherine amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gyrgyz topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Sadyr Žaparowa ýene bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berendigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy özara söwdanyň hem-de maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, şeýle hem oba hojalygy häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge goşant goşýan geljegi uly ugurlar bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge we bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge mundan beýläk-de goldaw bermegiň wajypdygyny belläp, özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni-ynsanperwer ulgamyň hem aýratyn orun eýeleýändigini, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň türkmen we gyrgyz halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.