Ï Türkmenistan Hazar sebitiniň üsti bilen ulag geçelgelerini iş ýüzünde kemala getirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Hazar sebitiniň üsti bilen ulag geçelgelerini iş ýüzünde kemala getirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi

view-icon 90
Türkmenistan Hazar sebitiniň üsti bilen ulag geçelgelerini iş ýüzünde kemala getirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Azerbaýjany yklymda ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek boýunça bilelikdäki ädimlere has anyk mazmun berilmegine çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýan döwletler okgunly ösýän we kuwwatly ykdysadyýete eýedir hem-de Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň geoykdysady ýerleşişiniň uly mümkinçilikleri açýandygyny görýäris. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ulag-logistika baglanyşygyny döretmek baradaky gepleşikleri we hereketleri işjeňleşdirmek hem-de olara doly derejeli mazmun bermek möhümdir. Şunda Merkezi Aziýa – Hazar deňzi – Günorta Kawkaz – Ýewropa geçelgesi esasy orun eýelemelidir.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň Hazarýaka döwletler hökmünde özara hyzmatdaşlygy bu taslamalara tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň, şeýle hem beýleki ýurtlaryň gatnaşmagyny üpjün edip biler diýen düşünjeden ugur alýandygyny belledi.

«Türkmenistan Hazar deňzindäki öz infrastrukturasyny özara bähbitli esasda umumy bähbitlere ulanmaga bermäge taýýardygy barada birnäçe gezek beýan edipdi» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.