9-njy oktýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag we logistika ulgamynda sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyjy öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga, Arkalaşygyň döwletleriniň logistika we infrastruktura mümkinçiliklerini doly derejede açmak üçin şertleri döretmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna üns çekildi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA ýurtlary durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemelidirler diýip hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda degişli Kararnama kabul edildi.
«Şunuň bilen baglylykda, Arkalaşyga agza döwletleriň onýyllygyň maksatlaryny hem-de wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynanýarys. Onýyllygy GDA giňişliginde, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durmuşa geçirmek boýunça degişli geňeşmeleri geçirmäge hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamaga taýýardyrys. Munuň üçin bizde Baş Assambleýa tarapyndan 2025-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama görnüşinde hukuk esasymyz bar» diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgeleri döretmek, olaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de ähli ýurtlar, şol sanda GDA-nyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleri üçin elýeterliligini üpjün etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde GDA ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmegi maksat edinýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu ugurdaky işi şeýle hem 2025-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen biragyzdan makullanan «Awaza syýasy Jarnamasyna» esaslanýar.