Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu başlangyç 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda öňe sürüldi.
Türkmenistanyň Prezidenti özara gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde tehnologik geçişi görkezdi.
«Tehnologik özgertme aýratyn üns berilmeli ugur bolup durýar. Bu ýerde men formatymyzyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda hyzmatdaşlygyň görnüşleri barada pikirlenmegi teklip edýärin. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalaryna Merkezi Aziýada we Azerbaýjanda biziň Hi-Tech (Haý-tek) merkezlerimiziň binýadynda bilelikdäki taslamalara gatnaşmagy teklip etmek, munuň üçin amatly hyzmatdaşlyk şertlerini döretmek ugurlaryň biri bolup biler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda Türkmenistan tarapyndan halkara tehnologik we innowasion hyzmatdaşlygyň höweslendiriji şerti hökmünde öňe sürlen «Akylly» şäherler diplomatiýasy» başlangyjy hem-de oňa Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň işjeň gatnaşmagy uly mümkinçilikleri açýar.