Ï Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny we agrosenagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny we agrosenagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy

view-icon 65
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny we agrosenagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitde senagat kooperasiýasyny işjeňleşdirmegi we oba hojalyk pudagynda eksporta gönükdirilen bilelikdäki toplumlary döretmegi teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz degişli başlangyçlary 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda oba hojalygynda, aýratyn hem, gaýtadan işleýän pudaklarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi. «Şunda biziň ýurtlarymyzyň howa hem-de geografik artykmaçlyklaryny doly derejede peýdalanmak, hili we bahasy boýunça beýleki üpjün edijiler bilen bäsleşmäge ukyply iri eksport ugurly obasenagat toplumlaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalara çykmak gerek» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ulag, gümrük we baha päsgelçiliklerini aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe boljakdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, has çeýe we netijeli shemalary, döwrebap usullary, elektron ulgamlary ornaşdyrmak barada pikirlenmelidir.