Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda fotosuratçylaryň suratlarynyň sergisi açyldy. Onda ýedi sany türkmen fotosuratçysy gözelligi we nepis duýgusy bilen hakyky şowhunly üstünlik döreden takmynan 170 eserini görkezdi.
Fotosuratçylar surat alýan enjamyň düwmesini 170 gezek şyrkyldatmak bilen, pursatlary alyp galan we suratda adatdan daşary gözelligiň ýene bir ajaýyp eseri peýda bolan ýaly duýgy döreýärdi. Suratkeşler öz üstünliklerine begenýärdiler, sergä gelenler fotosuratçylyk sungatynyň güýjüni başdan duýmak bilen, şolarça begenýärdi.

Hoşgeldi Garajaýew deňsiz-taýsyz zenan portretleriniň awtorydyr. Ol, nähilidir bir ýol bilen, adaty zenanlary göz öňüne getirip bolmajak gözellere öwürýär. Onuň suratlaryndaky milli lybasdaky fotomodeller şa keşbine («Modern»), hyýaly özüne çekijilige («Gözel gyz») we maýyl ediji mylaýymlyga («Perweze») eýe bolýarlar. «Beýle zatlary nädip döredip bilýärsiňiz?» diýlen soraga Hoşgeldi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny teatr suratçylygy boýunça tamamlandygyny we şeýle hem ajaýyp fotosuratçy mugallymlarynyň – Hasan Magadowyň, Ahmet Alyýewiň we Ataş Garajaýewiň bolandygyny aýtmak bilen jogap berýär. Başgaça aýdylanda, gowy talybyň mekdebi-de – iň gowy mekdep, mugallymlary-da – iň zehinli mugallymlar bolupdyr.

Ahmet Hallyýewiň işleri serginiň esasy bölegini tutýar. Olarda çagalar görkezilýär. Her bir surat kiçijik gahryman baradaky hekaýatdyr. Bir ýaşly oglanjygyň suratynyň iki ady bar: «Ogul» we «Garaja gözler». Atlaryň ikisem doly esasly. «Ogul» – Ahmet Hallyýewiň ogly. Suratlardaky ähli çagalar diýen ýaly, Ahmediň çagalarydyr. «Gussa» suratynda solup barýan gül dessesiniň ýanynda oturan gyzjagaz çaga ýaşyna bap gelmeýän gussa batyp otyr. Gyzjagaz wagtyň çalt geçýändigi barada oýa bataýdymyka? Şol ýaşda? Beýle däl bolsa gerek! Ahmet iki pursady surata düşürip, olary bir ýordumda birleşdirip bilen bolsa gerek. Netijesi ajaýyp bolupdyr!

Ahmet Hallyýew – Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy. Ol çagalykdan surat çekip başlapdyr, fotosuratçylyk bilen bolsa talyplyk ýyllarynda gyzyklanypdyr. Şondan bäri nakgaş we fotosuratçy Ahmet Hallyýewiň ajaýyp utgaşýan iki döredijilik ugry bar. Suratkeşiň sergide goýlan söýgüli işleriniň biri-de «Geljekki fotosuratçylardyr». Bu surat oglanlaryň we dürli surat enjamlarynyň akly-garaly reňkde utgaşymyny şekillendirýär. Bu diňe bir aşa owadan däl, eýsem, tükeniksizdir, sebäbi sergiden çen tutsak, suratkeşiň bu mowzuga öwran-öwran gaýdyp gelýändigini görýäris.

Suratçy Mekan Çaryýewi sözüň doly manysynda syýahatçy we dogduk ülkesiniň tebigy dünýäsiniň waspçysy diýip atlandyrmak bolar. Ol Türkmenistanyň deňiz derejesinden 3139 metr beýiklikde ýerleşýän iň beýik depesine – Aýrybaba baryp gördi we gar basan dag gerşinde gaýa çykýanlaryň owadan görünýän aýak yzlaryny Köýtendag gerşine çykylmagyndan ýadygärlik hökmünde ajaýyp surata aldy. Bu fotosurat «Alpinistiň golýazgysy» diýlip atlandyrylýar.

Mekan Çaryýew tomaşaçylara köp täsinlikleri, şol sanda Dinozawr belentligini we «Gülşirin» gowagyndaky «Köw gülüni» görkezdi. Mekan 2008-nji ýylda daýysy oňa surat enjamyny sowgat berende, surata düşürmäge başlapdyr. Bilimi boýunça Mekan Çaryýew – dermanhanaçy, ýöne derman ýasamakdan daşgary-da gyzyklanýan işi bar. Onuň atasy, lukmançylyk ylmy boýunça professor Geldiguly Hojagulyýewiň öýünde köp surat bar eken. Mekana atasynyň işlerini dowam etdirmäge we sungat ýygnaýjy bolmaga ylham beren-de hut şol suratlar bolupdyr.

Fotosuratçy Sylap Pälwanowyň esasy baş mowzugy çagalardyr. Ol öňünden taýýarlyk görlüp alnan suratlary ulanmaýar. Çünki surata düşürmek üçin, hemişe özboluşly pursatlaryň gözleginde. Şonuň üçin onuň tapyndylary aýratyn hakykylyga eýedir we tomaşaçylar tarapyndan örän gowy kabul edilýär. «Top oýny» suratynda Sylap topuň gyzyň ellerinden geçip, howa bilen ýeriň arasynda galan pursadyny surata düşürmegi başarypdyr. Suratda ol, göýä oňa dartyş güýji täsir etmeýän ýaly görünýär. Emma bu diňe enjamyň alan we işine jür Sylabyň surata düşüren oýnundaky aralyk pursat.

Duýgulara baý şu pursat-da Sylabyň enjamyň obýektiwine düşüp, suratkeşiň sergisini gowy bezäpdir. Onuň suratlarynyň biri ̶ «Ýeňiş güni» atly suratda, bir gyz bilen bir oglan Baky oda gül goýýarlar. Harby lybas geýen çagalaryň täsirli şekilleri ata-babalarymyzyň harby şöhratynyň nesilden-nesle geçýändigini görkezýär. Sylap çagalykdan bäri suratçylyga höwesli bolupdyr. Ol, hatda lentaly surat alýan enjamlar bilen hem işläpdir.
Çagalyk mowzugy Erkin Ýazowa-da ýakyn. Onuň sergisinden iň täsirli suratlar «Çöl çagalary» we «Dost gujagy». Gum depeleriniň arasynda birden bir topar häzirki zaman çaga peýda bolýardy. Dürli reňkli, geýim geýen oglan-gyzlar Garagum sährasynyň çägelerinde adatdan daşary tegmil ýaly görünýärdiler. Erkiniň suratçylygynyň esasy aýratynlygy tomaşaçyny geň galdyrmak islegi bolmagy mümkin.

«Dost gujagy» atly ajaýyp suratda oglanjyk sakgally geçini berk bagryna basýar. Şu berk gujaklaşmadan oglanjyk bilen onuň wepaly ýoldaşynyň arasyndaky dostlugyň ebediligini, birnäçe synagdan geçendigini çaklamak bolýar.
Igor Lomowam, Mekan Çaryýew ýaly syýahat söýüjisi. Onuň kiçeňräk sergisinde iki sany surat ünsi aýratyn özüne çekýär: «Akgala galasy» we «Goja Hazar». Bir wagtlar baryp bolmaýan, harby-strategik gurluş bolan Akgala şu günlerem özüniň gazaply keşbini saklamak üçin elde baryny edýär. Hatda oňa barýan ýol hem ýatlaryň gadagan ýere girmegine päsgel berýän gury takyrlar bilen örtülipdir.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň fotohabarçysy Hasan Magadow özüniň giň gerimli sergisinde ýurdumyzyň ähli gözelligini görkezipdir. Ol gowaklara düşüp, tomaşaçylary ýeriň jümmüşinde gizlenip ýatan ajaýyp görnüşler bilen tanyşdyrdy. Ol surat enjamy bilen Günüň dogşuny we batyşyny garşy alýardy. Ahalteke atlarynyň arasynda gezim edýärkä-de, gymmatly zatlary surata düşürýärdi. Ýöne onuň kompozisiýasyndaky iň täsirli surat, belki-de «Gülgüne gyzylinjikleriň ýörişi» bolsa gerek. Bu surata seredip, Hasan Batalowiçiň bu guşlary nähili edip, bir hatarda tertip bilen ýerleşdirip bilendigini göz öňüne getirmek mümkin däl. Emma, «Her işiň öz ussady bar» diýipdirler. Köp ýaş suratçylaryň ony öz halypalary diýip atlandyrmagy-da esassyz däl.
Surat sergisi bir aýlap dowam eder we hökman täze geljeklere-de ajaýyplyk bilen duşuşygyň şatlygyny bagyşlar.