Ï «PETRONAS»: Hazar deňzindäki otuz ýyllyk iş we täze maýa goýum tapgyry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«PETRONAS»: Hazar deňzindäki otuz ýyllyk iş we täze maýa goýum tapgyry

view-icon 164
«PETRONAS»: Hazar deňzindäki otuz ýyllyk iş we täze maýa goýum tapgyry

Halkara energetika kompaniýalary üçin gazyp alyjy bazardaky işiň dowamlylygy seýrek halatlarda diňe wagt bilen ölçelýär. Ol üýtgäp durýan bazar ýagdaýlaryna uýgunlaşmak, amallaryň netijeliligini saklamak, milli hyzmatdaşlar bilen durnukly gatnaşyklary ýola goýmak we gymmatlyk döretmegiň täze çeşmelerini gözlemegi dowam etdirmek ukybyny şöhlelendirýär.

«PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanda bolmagy aýratyn görkeziji mysal bolup hyzmat edýär. 1996-njy ýylda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki «Blok-I» taslamasy boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde ýurtda öz işine başlan Malaýziýanyň energetika kompaniýasy wagtyň geçmegi bilen gazyp alynýan taslamalaryň operatory bolmak wezipesinden has giň gerime çykdy. Onuň işi geologiýa-gözleg we gazyp alyş, deňiz düzümi, gazy gaýtadan işlemek, tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärler kuwwatyny ösdürmek hem-de bilimleri geçirmek ýaly ugurlary öz içine aldy.

Toplanan tejribäniň ähmiýeti şu gün diňe bir eýýäm döredilen aktiwler bilen däl, eýsem, bu emele gelen platformanyň geljekki ösüş üçin açýan mümkinçilikleri bilen hem kesgitlenýär. Dünýä energetikasynyň düýpli maýa goýum çykdajylarynyň tertip-nyzamlylygyna, operasiýa netijeliligine, sanlylaşdyrmaga we zyňyndylary azaltmaga barha köp üns berýän şertlerinde, «PETRONAS»-yň Türkmenistanda toplan iş tejribesi hyzmatdaşlygyň indiki tapgyry üçin esas döredýär.

Geologiýa-gözlegden deňiz giňişliginde gymmatlyk döretmegiň integrirlenen zynjyryna çenli

«Blok-I» taslamasynyň özleşdirilmegi gözleg we gazyp alyş çygryndaky uzak möhletli borçnamalaryň gymmatlyk döretmegiň has giň energetiki zynjyryna nähili öwrülip bilýändigini görkezýär.

«PETRONAS»-yň işi geologiýa-gözlegden başlandy, munuň yzýany bolsa 1998-nji ýylda «Magtymguly» gaz käniniň we 1999-njy ýylda «Diýarbekir» nebit käniniň açylmagy boldy. «Diýarbekirde» ilkinji nebit 2006-njy ýylyň maý aýyndа alyndy. Wagtyň geçmegi bilen geologiýa-gözleg we gazyp alyş işleri deňiz desgalary, turba geçirijiler, eksport ulgamlary we iri kenarýaka gaýtadan işleýän düzüm bilen üsti ýetirildi.

Bu düzümde Gyýanlydaky gazy gaýtadan işleýän zawod we kenarýaka gaz terminaly esasy orny eýeleýär. Deňiz platformalary, turba geçirijiler we degişli eksport ulgamlary bilen birlikde, bu desgalar Türkmenistanyň Hazar serişdeleriniň täjirçilik taýdan özleşdirilmegini üpjün edýän şelfden kenara çenli integrirlenen zynjyry emele getirýär.

Maýa goýujylar üçin bu tapawut möhüm ähmiýete eýedir. Gözleg we gazyp alyş çygryndaky serişdeleriň täjirçilik gymmatlygy diňe bir uglewodorodlaryň bolmagy bilen däl-de, eýsem, olary bazara çykarmak üçin zerur bolan düzüm, tehniki mümkinçilikler we operasiýa ulgamy bilen hem kesgitlenýär.

Şonuň üçin «PETRONAS»-yň goşandyna has giňden: diňe bir aýry-aýry känleriň özleşdirilmegi hökmünde däl-de, Türkmenistanyň deňiz serişdeleriniň töwereginde önümçilik ekoulgamynyň döredilmegi hökmünde hem seretmek gerek.

«Blok-I» täze maýa goýum tapgyryna gadam basýar

Otuz ýyl geçensoň, «Blok-I» taslamasynyň maýa goýum mümkinçilikleri kanunalaýyklykda geologiýa-gözleginiň irki tapgyrynda durýan taslamanyň mümkinçiliklerinden tapawutlanýar.

Esasy üns aktiwiň döredilmeginden eýýäm emele gelen önümçilik binýadynyň gymmatynyň mümkin boldugyça ýokarlandyrylmagyna tarap has köp süýşýär.

«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Baş direktory Ismadi Bin Ismail «Blok-I» taslamasyny kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň uly kuwwaty saklaýan möhüm esasy hökmünde häsiýetlendirýär. «PETRONAS» hyzmatdaşlary bilen bilelikde howpsuz we ygtybarly gazyp alşyňa, hereket edýän desgalary optimizasiýalaşdyrmaga hem-de tehnologiýalaryň goşmaça gymmatlyk döredýän ýerlerinde olaryň ulanylmagyna ilkinji nobatdaky ünsi bermegi dowam etdirýär. Geljekki iş täjirçilik maksadalaýyklygy, kadalaşdyryjy talaplar we hyzmatdaşlaryň eýeleýän orunlarynyň ylalaşylmagy bilen kesgitlener. Bu şeýle hem kämil energetika hyzmatdaşlyklarynyň nähili ösýändigini görkezýär. Geljekki maýa goýumlar hökman diňe düzümiň giňeldilmegini aňlatmaýar. Aktiwleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi, operasiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, gazyp alşy dolandyrmagyň kämilleşdirilmegi, sanlylaşdyrylan optimizasiýa we önümçilik hem-de ekologiýa çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar barha uly gymmatlyk döretmäge ukyplydyr.

Geljekki işleri kesgitleýän ugurlara «PETRONAS» känleriň durnukly özleşdirilmegini, amallaryň sanlylaşdyrylmagyny hem-de zyňyndylary gözegçilikde saklamagyň we azaltmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyny degişli edýär. Türkmenistan üçin beýle çemeleşmäniň strategik ähmiýeti bar. Ol emele gelen deňiz aktiwiniň ozalky nesliň durnukly (statik) taslamasyna öwrülmän, eýsem tehnologiýalaryň we optimizasiýanyň hasabyna goşmaça gymmatlyk döretmäge ukyply maýa goýum platformasy bolup galyp bilýändigini görkezýär.

Tehnologiýalar maýa goýumlary köpeldiji hökmünde

«PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine bolan çemeleşmesiniň kämilleşýändigini aýdyň görkezýän alamatlaryň biri hem tehnologiýalaryň ornunyň barha artmagydyr. «PC(T)SB Technology Day 2024» çäresiniň çäklerinde bäş ýyllyk tehnologiýa boýunça ýol kartasy hödürlenildi. Bu resminama täze tehnologiýalary önümçilik işlerine ornaşdyrmaga has ulgamlaýyn çemeleşmäni kesgitledi.

Deňizdäki önümçilik işleri öz häsiýeti boýunça uly maýa goýumlaryny we çylşyrymly tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýär. Barlaglar, tehniki hyzmat, önümçilik desgalarynyň tehniki bitewiligini üpjün etmek we uglewodorodlaryň çykarylyşyny optimallaşdyrmak taslamalaryň ykdysady netijeliligine täsir edýär. Şonuň üçin işleriň dowamlylygyny gysgaltmaga, işgärleriň töwekgelçiliklere sezewar bolmagyny azaltmaga we ulanyş çykdajylaryny peseltmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar özleşdirmegiň kämil tapgyryndaky deňiz ýataklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler.

Hut şu ugurda sanlylaşdyrma umumy pudaklaýyn düşünjeden netijeliligi we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň hem-de uzak möhletli gymmaty döretmegiň amaly guralyna öwrülýär. «PETRONAS» we onuň hyzmatdaşlary üçin onlarça ýylyň dowamynda toplanan geologik bilimleri we önümçilik tejribesini has ýokary hilli maglumatlar, awtomatlaşdyrma, uzak aralykdan geçirilýän barlaglar hem-de aktiwleri dolandyrmagyň barha kämilleşýän tehnologiýalary bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik açylýar. Bu ugurlarda netijeliligiň ýokarlandyrylmagy önümçiligiň ygtybarlylygyny berkitmäge, önümçilik töwekgelçiliklerini azaltmaga hem-de hereket edýän we geljekde durmuşa geçiriljek taslamalaryň ykdysady görkezijilerini gowulandyrmaga ýardam edip biler.

Zyňyndylaryň görkezijileri täjirçilik şertine öwrülýär

Ekologiýa netijeliliginiň ähmiýetiniň artmagy bilen ikinji gurluş üýtgeşmesi bolup geçýär. «PETRONAS» zyňyndylaryň azaldylmagyny, sanly transformasiýany, energiýa netijeliligini we durnukly ösüşi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylyp bilinjek ugurlaryna degişli edýär. Operasiýa kämilligi, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmasy we durnukly ösüş ulgamyndaky başlangyçlar hem kompaniýanyň ýurtdaky geljekki işiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Olaryň ähmiýeti barha artýan derejede diňe bir ekologiýa däl, eýsem täjirçilik häsiýetine hem eýe bolýar.

Halkara energetika bazarlarynyň ösmegi bilen uglewodorodlaryň bäsdeşlige ukyplylygy diňe bir gazyp alşyň bahasy we üpjünçiligiň ygtybarlylygy bilen däl, eýsem, barha ýygy-ýygydan önümçiligiň netijeliligi we ekologiýa görkezijileri bilen hem kesgitlenýär. Gazy gazyp alýan ýurtlar üçin bu zyňyndylary dolandyrmagyň, operasiýa netijeliliginiň we uzak möhletli bäsdeşlige ukyplylygyň arasynda has ysnyşykly özara baglanyşygy kemala getirýär.

Türkmenistan üçin tejribeli halkara operatorlary bilen hyzmatdaşlyk energetika bazarlary üçin zerur bolan ygtybarlylyk derejesini saklamak bilen birlikde, gözleg we gazyp alyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyryp biljek tehnologiýalary hem-de önümçilik tejribelerini ornaşdyrmak üçin mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan «PETRONAS»-yň zyňyndylaryň gözegçiligine (monitoringine) we olaryň azaldylmagyna, şeýle-de netijeliligiň ýokarlandyrylmagyna berýän ünsüne durnukly ösüşiň aýratyn gün tertibi hökmünde däl-de, hereket edýän energetika aktiwleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak we pugtalandyrmak boýunça has giňişleýin işiň bir bölegi hökmünde seretmek gerek.

Milli hünär başarnyklary (kompetensiýalar) ykdysady düzüm hökmünde

«PETRONAS»-yň Türkmenistandaky işiniň çuňňurlygynyň iň ynandyryjy görkezijileriniň biri kompaniýanyň işine milli başarnyklaryň (kompetensiýalaryň) integrasiýa derejesidir. Şu günki gün Türkmenistanyň raýatlary PC(T)SB işgärleriniň takmynan 90 göterimini düzýär, işlän ýyllarynyň dowamynda bolsa ýurduň 100-den gowrak raýaty hünär taýýarlygyny geçdi we hünär derejesini ýokarlandyrdy. «PETRONAS», şeýle hem «PETRONAS Tehnologiýa Uniwersiteti»-nde («Universiti Teknologi PETRONAS») 188 sany türkmen talybynyň okamagy üçin maliýe serişdelerini goýberdi, 235 sany tehniki işgär we hünärmen bolsa «INSTEP»-de hünär taýýarlygyny geçdi. Maýa goýum nukdaýnazaryndan bu görkezijiler möhüm ähmiýete eýedir.

Iri energetika taslamalary fiziki aktiwlere goýulýan maýa goýumlaryň milli tehniki başarnyklaryň ösdürilmegi bilen utgaşýan halatynda iň ýokary uzak möhletli ykdysady netijeliligi üpjün edýär. Halkara taslamalaryň çäklerinde taýýarlanan inženerler, tehniki hünärmenler we ýolbaşçylar ýurduň has giňişleýin işgärler binýadynyň bir bölegine öwrülýär, munuň netijesinde aýry-aýry taslamalarda toplanan bilimler tutuşlygyna ykdysadyýet üçin işläp başlaýar. Şunlukda, milli başarnyklara (kompetensiýalara) ykdysady düzümiň görnüşleriniň biri hökmünde seretmek gerek.

«PETRONAS»-yň Türkmenistandaky tejribesi gazyp alşyň, lokalizasiýanyň (ýerli şertlere uýgunlaşdyrylmagyň), tehnologiýalary geçirmegiň we operasiýa netijeliliginiň bäsleşmän, eýsem, biri-birini güýçlendirmäge ukyplydygyny görkezýär. Milli işgärleriň ýokary paýy dowamlylygy (yzygiderliligi) hem üpjün edýär: onlarça ýylyň dowamynda toplanan bilimler diňe bir halkara maýa goýujyda galman, önümçilik gurşawynda saklanyp galýar.

Kompaniýanyň goşandy bilime we ýerli jemgyýetleriň ösmegine hem ýaýraýar. «PETRONAS» tarapyndan bellenilen başlangyçlaryň arasynda – Gyýanlydaky «Water for Life» taslamasy, bilim edaralaryny goldamak, iňlis dili, matematika, maglumat tehnologiýalary we «TOEFL» taýýarlyk maksatnamalary, «STEM» ulgamyndaky başlangyçlar, kenarýakany arassalamak we bag ekmek ýaly çäreler bar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykdan has giň maýa goýum platformasyna çenli

«PETRONAS»-yň emele gelen eýeleýän orunlary kompaniýanyň hususy işiniň çäklerinden daşarda hem ähmiýete eýe bolup biler. Ismadi Bin Ismailiň sözlerine görä, kompaniýanyň uzak möhletleýin gatnaşygy netijesinde emele gelen ynam «Blok-I» boýunça täze Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegine ýardam etdi we ondan daşary hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açdy. Ol şeýle hem «ADNOC Turkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda bolan halkara hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagyny Türkmenistanyň energetika kuwwatyna we maýa goýum gurşawyna bolan ynamyň saklanýandygynyň şaýady hökmünde belledi. Energiýa serişdelerini öndürijisi bolan ýurt üçin munuň ýaly institusional yzygiderlilik gymmatlyga eýedir.

Köp ýyllyk iş tejribesi bolan halkara operatory wagtyň geçmegi bilen milli institutlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nähili ösüp bilýändiginiň, çylşyrymly aktiwleriň dürli bazar tapgyrlarynda nähili işläp bilýändiginiň we maýa goýumlaryň gazyp alyş işinden çykyp, düzümi, tehnologiýalary hem-de adam maýasyny öz içine alyp bilýändiginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Şu nukdaýnazardan «PETRONAS»-yň otuz ýyllyk hyzmatdaşlygy diňe bir kompaniýanyň taryhyndan has uly zady aňladýar. Ol Türkmenistanyň energetika pudagynyň has giň maýa goýum taryhyna goşant goşýar.

Deňiz giňişliginde gymmatlyk döretmegiň indiki tapgyry

«PETRONAS» bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň indiki tapgyry ähtimal diňe bir taslama bilen kesgitlenmez. Emele gelen deňiz aktiwleri binýadynyň, gaýtadan işleýän we eksport düzüminiň, toplanan önümçilik tejribesiniň, işgärleriň lokalizasiýasynyň ýokary derejesiniň hem-de tehnologiýalara, netijelilige we ekologiýa görkezijilerine berilýän barha artýan ünsüň utgaşmagy hyzmatdaşlygyň güýçli tarapy bolup durýar. Bu teklip 1996-njy ýylda bolan ýagdaýdan ep-esli tapawutlanýar.

Ilkibaşdaky maýa goýum nusgasy täze nebitgazly sebite çykmaga, deňiz böleklerinde geologiýa-gözlege we açylan serişdeleriň täjirçilik taýdan özleşdirilmegi üçin zerur bolan düzümiň döredilmegine gönükdirilipdi. Otuz ýyl geçensoň, esasy üns eýýäm emele gelen energetika ulgamyndan goşmaça gymmatlygyň alynmagyna has köp jemlenýär. Bu ewolýusiýa halkara nebitgaz pudagynyň has giň transformasiýasyny şöhlelendirýär. Maýa goýuma bildirilýän talaplar barha güýçlenýär. Tehnologiýalar aktiwleriň ykdysadyýetinde barha möhüm orny eýeleýär. Operasiýa we ekologiýa görkezijileri bäsdeşlige ukyplylyga barha güýçli täsir edýär. Öz gezeginde kabul edýän ýurtlar halkara maýa goýumlaryň diňe bir gazyp alşy däl, eýsem, başarnyklaryň ösdürilmegini, tehnologiýalaryň geçirilmegini we has giň içerki gymmatlygyň döredilmegini üpjün etmegine garaşýarlar. «PETRONAS»-yň Türkmenistandaky tejribesi bu ileri tutulýan ugurlaryň nähili utgaşyp bilýändiginiň amaly mysaly bolup hyzmat edýär.

«Blok-I»-iň töwereginde döredilen düzüm hyzmatdaşlygyň maddy esasyny kemala getirdi. Işgärleri ösdürmegiň otuz ýyllygy onuň adam maýasyny pugtalandyrdy. Tehnologiýalara, aktiwleri optimizasiýalaşdyrmaga we ekologiýa netijeliligine berilýän artýan üns indi indiki tapgyryň ugruny kesgitleýär. Şonuň üçin şu gün esasy strategik mesele eýýäm diňe bir otuz ýyllyk hyzmatdaşlygyň nähili netijeleri berendiginden ybarat däl.

Ol şu otuz ýylyň dowamynda toplanan hünär başarnyklaryny, düzümi we ynamy Türkmenistanyň Hazar deňiz energetika pudagynda gymmatlyk döretmek boýunça maýa goýumlaryň we taslamalaryň täze nesline nähili öwürmelidigi baradaky meseleden ybaratdyr.