«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny gorap saklady. Döwlet ähmiýetli «Arkadag» şäheriniň adybir topary bu üstünligi milli çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň çäklerinde «Ahal» toparyny 4:0 hasabynda ýeňmek bilen gazandy.
Duşuşyk paýtagtymyzdaky köpugurly «Aşgabat» stadionynda geçirildi we myhmanlaryň aýdyň artykmaçlygy bilen tamamlandy. Olar duşuşygyň her ýarymynda iki goldan geçirdiler. Birinji ýarymda Mekan Saparow (13-nji minut) we Ahmet Ataýew (33-nji minut), ikinji ýarymda bolsa Baýram Ataýew (51-nji minut) hem-de Rahman Myratberdiýew (61-nji minut) tapawutlandylar.
Bu ýeňişden soň «Arkadag» toparynyň futbolçylary galan garşydaşlary üçin ýetip bolmajak aralygy döretdiler.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümini emele getirýän «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredildi we ilkinji çykyş eden ýylynda ýurdumyzyň çempionatynda hem-de Kubogy ugrundaky ýaryşda ýeňiş gazandy. «Arkadag» futbol toparynyň döredilen gününden bäri milli çempionatyň resmi duşuşyklarynda ýekeje utugyny hem ýitirmändigi bellenilmäge mynasypdyr.
Geçen ýyl «Arkadag» toparynyň futbolçylary birbada dört kubogy gazandylar: AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky ýeňişlerine, milli çempionatyň altyn medallaryna we Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna Türkmenistanyň Kubogyny hem goşdular. Indi bolsa olar yzly-yzyna dördünji ýyl ýurdumyzyň iň abraýly futbol baýragyna mynasyp boldular.
«Arkadag» futbol toparyny bu üstünlige baş tälimçi hökmünde 46 ýaşly Wladimir Baýramow ýetirdi. Ol geçmişde Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş eden meşhur hüjümçi bolup, Groznyý şäheriniň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogyny (2003/04 möwsümi), «Balkan» toparynyň düzüminde bolsa AFK-nyň Prezident Kubogyny (2013) gazanypdy.
Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş we bürünç medallary üçin galan duşuşyklarda «Ahal» we «Altyn asyr» toparlary bäsleşerler.
Çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçylarynyň sanawynda «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew ynamly öňdeligi eýelemegini dowam etdirýär. Soňky dört möwsümiň iň netijeli hüjümçisiniň hasabynda 22 gol bar, olaryň dördüsi 11 metrlik jerime urgularyndan geçirildi. Onuň yz ýanyndan «Ahal» toparynyň hüjümçisi Süleýman Mirzoýew gelýär, ol 10 gol geçirdi. Şol gollaryň ikisi 11 metrlik jerime urgularyndan gazanyldy.