Ï Inženerçilik biliminde halkara tejribe
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Inženerçilik biliminde halkara tejribe

view-icon 90
Inženerçilik biliminde halkara tejribe

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Sukuba uniwersitetiniň binýadynda 11-nji oktýabrdan 25-nji dekabra çenli guralýan «Inženerçilik derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek» atly halkara okuw maksatnamasyna gatnaşýarlar.

Maksatnama uniwersitetiň dört mugallymy gatnaşýar. Olaryň hatarynda uniwersitetiň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymy Muhammetmyrat Mätiýew, himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň mugallymy Atamyrat Altyýew, biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň mugallymlary Selbi Gulmuhammedowa hem-de Aýlar Geldiýewa bar.

Mugallymlaryň okuw sapary inženerçilik biliminiň hilini ýokarlandyrmak, inženerçilik ylymlaryny okatmagyň täze usullaryny öwrenmek we ylmy-barlag işlerini ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde geçirilýän okuwlaryň dowamynda mugallymlar dersleriň okadylşynyň guralyşy, okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamak, talyplaryň bilim derejesine baha bermegiň usullary hem-de bilimiň hilini üpjün etmegiň ýörelgeleri bilen tanyşarlar. Şeýle hem olar tejribe-barlag işlerine gatnaşyp, ylmy barlaglary geçirmegiň usullaryny, ylmy temalary saýlamagyň we talyplara ylmy ýolbaşçylygy amala aşyrmagyň aýratynlyklaryny öwrenerler. Şeýle hem mugallymlar sanly okuw materiallaryny taýýarlamak we ulanmak, emeli aň, nanobiosensorlar hem-de azyk biotehnologiýasy ugurlarynda ylmy-barlag işlerini geçirerler.

Okuwlaryň netijesinde maksatnama gatnaşyjylar täze hünär bilimlerini we başarnyklaryny, şeýle hem gymmatly tejribäni ele alarlar. Bu bolsa geljekde gazanylan tejribäni okuw işinde, okuw materiallaryny we barlaghana gollanmalaryny taýýarlamakda, şeýle hem geljekki inženerleri taýýarlamagyň täze usullaryny işläp düzmekde ulanmaga mümkinçilik berer.

Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) halkara maksatnamasy Ýaponiýanyň dünýä ýurtlary bilen tehniki hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Maksatnamanyň esasy maksady Ýaponiýanyň inženerçilik bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek boýunça tejribesini beýleki ýurtlara geçirmek, şeýle hem şol tejribäniň esasynda ýurduň ýa-da sebitiň ýerli şertlerine laýyk gelýän täze milli bilim nusgasyny döretmekden ybaratdyr.

Ýaponiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersiteti bu maksatnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir.

Bu halkara hyzmatdaşlygy iki ýurduň ylym we tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilmegine, şeýle hem ýurdumyzda bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy kuwwaty artdyrmak we bilim işine innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.