Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasyny görkezýärler. Yzygiderli esasda alnyp barylýan ýokary derejedäki gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär. Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini döretmekde möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň geostrategik mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan sapary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy, ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly meýdança bolup durýar.
Türkmen wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň berk binýady we sebitde durnuklylygy üpjün etmekde ygtybarly şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyz halkara giňişlikde netijeli başlangyçlary öňe sürüp, ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly we syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny yzygiderli ilerledýär. Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde yzygiderli öňe sürýän we halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli Kararnamalary bu ugruň netijeli häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Öňüni alyş diplomatiýasy ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynda aýratyn orun eýeleýär. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň köptaraplaýyn we ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Oňyn Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bu üstünlikli nusgasy halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolup, ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýar.
...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Sammitiň geçirilýän ýeri — Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti öz işine başlady.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi we şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylaryna söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, öz çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny belledi.
“Biz Azerbaýjan Respublikasynyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşinde başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň bu formatyň başlygy hökmünde onuň maksatlaryna hem-de wezipelerine berk ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygy we özara ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde yzygiderlilik görkezendigini, şol bir wagtda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň ýardam berendigini aýratyn bellemek isleýärin.
Şu günki sammit çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýär. Häzirki zaman halkara ýagdaýlary we täze wehimler döwletlerden parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýär. Şunda halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz halkara jemgyýetçilik tarapyndan bu başlangyçlaryň goldanyljakdygyna ynam bildirip, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini has giň ulanmagyň möhümdigini nygtady.
“Syýasy şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.
Umuman, biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris.
Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hem barha artýandygyny, emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
“Şunuň bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edýär.
Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Biz howanyň ählumumy üýtgeýän şertlerinde suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, tebigaty goraýan döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, biziň formatymyza gatnaşyjy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirip, ynsanperwer ulgamyň özara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň taryhy baglanyşygy, baý medeni mirasy we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň giňeldilmegini we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
“Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet berýändigini hem-de onuň maksatlarydyr ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny, synçy döwlet hökmünde ýurdumyzyň Aziýada köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmäge mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.