Ï «TOYO Engineering» – «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«TOYO Engineering» – «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri

view-icon 91
«TOYO Engineering» – «CIET 2026» halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri

Ýaponiýanyň «Toyo Engineering Corporation» (TOYO) kompaniýasy «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» («CIET 2026») atly halkara maslahatynyň we sergisiniň kümüş hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. Çäre 3 – 5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

«CIET 2026» Türkmenistanyň senagat we infrastruktura taýdan ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň, maliýe institutlarynyň hem-de bilermenler jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär. Maslahat we sergi tehnologik tejribe alyşmak, maýa goýum tekliplerini hödürlemek, gurluşyk, himiýa we energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin meýdança bolar.

Bu ugurlaryň özara baglanyşygyna aýratyn üns berler. Senagaty ösdürmek döwrebap önümçilik desgalarynyň gurulmagyny, ygtybarly energiýa üpjünçiligini we netijeli infrastrukturany talap edýär. Şol bir wagtyň özünde gurluşyk we energetika pudaklaryna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we täze senagat taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin şertleri döredýär.

Forumuň iş maksatnamasynda energetika we himiýa senagatyny ösdürmek, gurluşykda döwrebap çemeleşmeler, maýa goýum mehanizmleri we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, şeýle hem gurluşyk pudagy üçin sanly çözgütler ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle format taslamalara toplumlaýyn çemeleşmäge – inženerçilik taslamalaşdyrmasyndan we tehnologiýalary saýlap almakdan başlap, maliýeleşdirmek, gurluşyk we ulanyşa girizmek tapgyrlaryna çenli ähli ugurlara seretmäge mümkinçilik berer.

Sergi bölümi enjamlary, materiallary we tehnologik çözgütleri görkezmek arkaly maslahatlaşmalaryň üstüni ýetirer. Bu kompaniýalar üçin öz mümkinçiliklerini geljekki hyzmatdaşlara tanyşdyrmaga we hödürleýän işläp taýýarlamalarynyň türkmen bazarynyň isleglerine laýyklykda ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikdir. B2B we B2G formatlarynda geçiriljek duşuşyklar işewür toparlaryň sargytçylar we döwlet edaralary bilen göni gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder.

«TOYO» kompaniýasynyň foruma gatnaşmagy bu gün tertibine amaly mazmun berýär. Kompaniýanyň Türkmenistanda iri gaz-himiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribesi bar. «TOYO» halkara konsorsiumynyň düzüminde Gyýanlydaky polimer toplumynyň gurluşygyna gatnaşyp, gaz bölüji desgalaryň, etilen we polipropilen öndürýän önümçilik desgalarynyň taslamalaşdyrylmagy, enjamlaryň üpjünçiligi we işe giriziliş- sazlaýyş işleri üçin jogapkär boldy. Taslama 2018-nji ýylda tamamlandy.

Hyzmatdaşlyk toplumyň düýpli abatlaýyş işleri we polimer önümçiligini dikeltmek boýunça hem dowam etdi. 2025-nji ýylda «TOYO» Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden işleriň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin şertnama aldy. Kompaniýanyň 2026-njy ýylyň fewralynda ýaýradan maglumatynda jikme-jik meýilnamalaşdyryş we inženerçilik işleriniň, şeýle hem enjamlar we materiallar boýunça satyn alyş işleriniň bir böleginiň ýerine ýetirilendigi tassyklanyldy. Şeýle hem kärhananyň düýpli abatlaýyş işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu tejribe «CIET 2026» forumynyň esasy meseleleri – önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemegi ösdürmek we goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri öndürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Halkara inženerçilik kompaniýalarynyň foruma gatnaşmagy bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyny anyk senagat taslamalaryny durmuşa geçirmekde toplanan tejribe bilen baýlaşdyrýar.

«TOYO» kompaniýasynyň «CIET 2026» forumyna goldaw bermegi hünär gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we tehnologik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder. «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahaty we sergisi gatnaşyjylara Türkmenistanyň pudaklaýyn ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem-de bilelikdäki işleriň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.