15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş edip, Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň toruny döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
Döwlet Baştutanymyz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň halklarynyň baý medeni däpleriniň we taryhy gatnaşyklarynyň özara düşünişmegi pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigini nygtady. Türkmenistanyň akademiki alyşmalary giňeltmegiň we ýaşlar platformalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýaşlar diplomatiýasyny işjeňleşdirmegiň täze nesli parahatçylykly dialog medeniýetini berkitmek işine çekmekde möhüm itergi boljakdygyny nygtady.
«Ýurtlarymyzyň parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny ilerledip biljek işjeň hem-de zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.