15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bakuda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde çykyş edip, ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek başlangyjyny öňe sürdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini has netijeli ulanylmaga, şeýle hem logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge çagyrdy.
«Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.