Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň müdiri Mukam Ekäýew 14 – 16-njy oktýabr aralygynda Minsk şäherinde geçirilen Belarusuň senagat-innowasion forumynyň ylmy çärelerine gatnaşdy.
Saparyň esasy wakasy, türkmen alymynyň Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (YAHA) täze materiallar boýunça ylmy geňeşiniň düzümine doly hukukly agza hökmünde kabul edilmeginden ybarat boldy. Bu waka alymyň öz hünär ýolunda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň daşary ýurt ylmy edaralar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim boldy.
Degişli çözgüt 16-njy oktýabrda Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynda geçirilen Ylymlar akademiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň täze materiallar boýunça ylmy geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde türkmen alymynyň kandidaturasyna seredilmegiň netijeleri boýunça kabul edildi.

Mejlisiň dowamynda geňeşiň işini guramak we onuň düzümi bilen bagly meselelere giňden seredildi. Oňa gatnaşyjylar sanly materiallary öwreniş, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň materiallar we nanomateriallar boýunça ylmy geňeşiniň tejribesi, şeýle hem Belarusda täze materiallary işläp düzmegiň ýagdaýy we geljegi baradaky temalary ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeş polimer we kompozision materiallar, metallurgiýa, poroşok metallurgiýasy we additiw tehnologiýalar, gorag örtükleri hem-de üstki ýüzlere degişli inženeriýa ulgamyndaky hünärmenleri birleşdirýär.
Saparynyň dowamynda Mukam Ekäýew Belarusuň poroşok metallurgiýasy ylmy mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolan akademik we Belarusuň Milli ylymlar akademiýasynyň diwanynyň ýolbaşçysy Pýotr Aleksandrowiç Witýaz, şeýle hem himiki fizika ulgamynda belli hünärmen bolan akademik we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Sergeý Mihaýlowiç Aldoşin bilen duşuşdy. Söhbetdeşler täze materiallar, nanotehnologiýalar we materiallary öwreniş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem Türkmenistanyň, Belarusuň we Russiýanyň ylmy edaralarynyň özara gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatyň we dostlugyň nyşany hökmünde görnükli alymlara hormatly Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi.
Belarusuň senagat-innowasion forumynyň çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalary, innowasion işläp düzmeleri we senagat enjamlary görkezilen «TehInnoProm» halkara sergisi geçirildi. Sergi meýdançasynda türkmen alymy gatnaşyjy ýurtlaryň senagatyny ösdürmek ulgamyndaky innowasiýalar bilen jikme-jik tanyşdy we daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem-de ugurlaryny maslahatlaşdy. Hytaýyň ylmy jemgyýetçiliginiň, şeýle hem Hytaýyň we Belarusuň önümçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar aýratyn gyzyklanma döretdi, olaryň dowamynda mümkin bolup biljek bilelikdäki taslamalaryň we ylmy-tehniki işleriň ugurlary kesgitlenildi.

Mukam Ekäýew, şeýle hem, «Belarus Respublikasynda additiw tehnologiýalary ösdürmegiň geljegi» atly halkara simpoziumyna gatnaşdy. Çärä gatnaşyjylar dürli şaýlaryň we senagat enjamlarynyň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen metal poroşoklaryň, polimerleriň, kompozision materiallaryň, nanostrukturirlenen ulgamlaryň we funksional örtükleriň barlaglarynyň ähmiýetini, ösüşini we netijelerini maslahatlaşdylar.
Türkmen alymynyň Minsk şäherine bolan iş sapary ylymy, ýokary bilimi, Türkmenistanyň senagat we tehnologik kuwwatyny häzirki zaman derejesinde ösdürmekde uly orun eýeleýän halkara ylmy hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm goşant boldy.
Geljekki ädimler russiýaly, belarusly we hytaýly kärdeşler bilen aragatnaşyklary yzygiderli ösdürmekden, bilelikdäki gözlegleriň temalaryny kesgitlemekden hem-de özara gyzyklanma döredýän teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar. Ylmy bilimleriň, inženerçilik başarnyklaryň we önümçilik tejribesiniň birleşdirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň materiallary öwreniş, nanotehnologiýa we ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge ýardam berýän täze taslamalary amala aşyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat eder.