Ï Türkmen ýokary okuw mekdebinde koreý dilinde oratorçylyk sungaty boýunça bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebinde koreý dilinde oratorçylyk sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

view-icon 50
Türkmen ýokary okuw mekdebinde koreý dilinde oratorçylyk sungaty boýunça bäsleşik geçirildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Koreý dilinde oratorçylyk sungaty» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Türkmen ýaşlarynyň arasynda bu döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi Türkmenistanyň we Koreýanyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini, şeýle hem medeniýetleri birleşdirýän we halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýan ygtybarly köpri hökmünde dilleri öwrenmegiň aýratyn ornuny tassyklaýan asylly däbe öwrüldi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersiteti bilen bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşik ruhubelentlik ýagdaýynda geçip, ýaşlaryň intellektual taýdan ösmegine uly goşant goşdy.

Çärä ýokary okuw mekdepleriň zehinli talyplary, ýöriteleşdirilen bilim merkezleriň diňleýjileri hem-de orta mekdepleriň okuwçylary işjeň gatnaşyp, özleriniň dil bilimlerini we başarnyklaryny aýdyň görkezdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar koreý dilini öwrenmegiň ähmiýetine, bilim ulgamyndaky täze mümkinçiliklere we nesilleri birleşdirýän dostlukly gatnaşyklara bagyşlanylan temalarda çykyş etdiler.

Emin agzalary bäsleşijileriň çeper okaýyş ussatlygyna, sahnadaky medeniýetine we söz baýlygyna baha berdiler. Owadan milli tanslar we mazmunly döredijilik çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin berdi.

Eminleriň çözgüdi boýunça Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 88-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Leýli Babanyýazowa birinji orny eýeledi.

Ikinji orny Aşgabat şäherindäki Sejong adyndaky Koreý bilim merkeziniň diňleýjisi Aýnur Eýýamberdiýewa gazandy. Üçünji orna bolsa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili hünär taýýarlygynyň ugry boýunça 3-nji ýyl talyby Leýli Ergeşowa mynasyp boldy.

Ýeňijiler Hormat hatlary bilen sylaglandylar we Koreýa Respublikasyna okuw saparyny amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar. Tapawutlanan gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşik ýaş nesliň bilimlere bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga, türkmen okuwçylarynyň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam berdi hem-de iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni-bilim gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.