12–16-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawy bilen Maryda we Aşgabatda okuw maslahatlarynyň we geňeşmeleriň tapgyryny geçirdi. Çäreler mekdebe çenli bilim ulgamynda döwrebap oýun we gözleg usullaryna, şeýle hem terbiýeçileri we çagalaryň irki ösüşi boýunça hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlandy.
Duşuşyklara Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň wekilleri, welaýat we etrap derejesindäki usulyýetçiler, şeýle hem çagalar baglarynyň pedagoglary gatnaşdylar.
– Mekdebe çenli bilim ulgamynyň hili çagalaryň irki ýaşda nähili öwrenýändiklerine we ösýändiklerine aýdyň düşünýän pedagoglardan başlanýar – diýip, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Žanar Sagimbaýewa belledi. – Oýun arkaly öwretmek usullaryny öňe sürmek we hünär taýdan kämilleşdiriş ulgamyny berkitmek arkaly biz her bir çaganyň öz mümkinçiliklerini açyp görkezmegine şert döredýän inklýuziw we gyzykly gurşawy döretmäge ýardam berýäris.
Maryda BMG-niň Çagalar gaznasynyň mekdebe çenli bilim boýunça halkara bilermeni Kristian Fabbi milli topar bilen bilelikde synag taslamasyna gatnaşýan çagalar baglaryna baryp gördi. Bilermenler oýun we gözleg usullarynyň iş ýüzünde nähili ulanylýandygyna baha berdiler, şeýle hem pedagoglaryň açyk okuw sapaklaryna gatnaşdylar.
Mundan başga-da, 35 hünärmen we pedagog üçin amaly okuw maslahaty geçirildi. Gatnaşyjylar çagalar toparyna gözegçilik etmegiň we amatly gurşawy döretmegiň her bir çaganyň şahsy gyzyklanmalaryny nazara almaga, onuň bilesigelijiligini, döredijilik ukyplaryny we emosional intellektini ösdürmäge nähili ýardam berýändigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Aşgabatda Kristian Fabbiniň ýolbaşçylygynda geçirilen iki günlük okuw maslahaty täze taýýarlanan iki sany usuly gollanmany we amaly gurallar toplumyny seljermäge hem-de tassyklamaga bagyşlandy. Gatnaşyjylar geljekki we häzirki wagtda işleýän pedagoglaryň halkara derejesinde öňdebaryjy tejribeleri ulanmagyny üpjün etmek maksady bilen, psihologiýa we pedagogika boýunça döwrebap okuw gollanmalaryny ýokary okuw mekdepleriniň, orta hünär okuw mekdepleriniň we hünär kämilleşdiriş institutlarynyň okuw maksatnamalaryna nähili ornaşdyrmalydygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taýýarlanan okuw we usulyýet materiallary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň inklýuziw, oýun arkaly öwretmäge we çaganyň şahsyýetine gönükdirilen bilimi ösdürmek boýunça tagallalaryna goldaw berer. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalaryň bilim almagy üçin berk binýady döretmäge ýardam eder.