Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny üstünlikli özgertmek dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleriň hataryna ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryny we ösen tehnologiýalary işjeň ulanmak girýär. Bütindünýä tejribesinden ugur alyp, okatmagyň ylmy-nazary we amaly usullary kämilleşdirilýär. Hil taýdan täze derejä çykan ýurdumyzyň bilim ulgamy türkmen ýaşlaryna halkara bilim ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilimleri almaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly infrastrukturany ösdürmäge, interaktiw usullary we sanly okuw serişdelerini giňden ulanmaga, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmäge, şeýle hem ýokary okuw jaýlaryny bir bitewi bilim ulgamyna birikdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleri ýaly Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar.
Institutda häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar we beýleki çäreler yzygiderli guralýar. Professor-mugallymlar düzüminiň işi hem okuw ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge gönükdirilýär. Bu bolsa geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dil ugurly hünärli talyplary okatmagyň ulanylýan döwrebap usullary, aýratyn-da edebiýat ýaly ders barada aýdylanda, ilki bilen, mugallymlar çeper eserleri, şol sanda nusgawy edebiýaty öwrenmekde täze çemeleşmeleri işjeň ulanýanýarlar. Sanly tehnologiýalaryň, görkezme esbaplaryň we interaktiw ýumuşlaryň ulanylmagy sapaklary has gyzykly hem-de mazmunly guramaga mümkinçilik berýär.
Iň täze bilim serişdeleriniň çekişme görnüşleri we janly söhbetdeşlikler bilen utgaşdyrylmagy talyplara eserlere has çuňňur düşünmäge kömek edýär, şunda olaryň dil we seljerme başarnyklary bir wagtda ösýär. Emma sanly gurallaryň çeper teksti okamagyň ornuny tutmaly däldigine üns berilmeli. Olaryň esasy wezipesi talyplaryň özbaşdak seljerme başarnyklaryny, tankydy pikirlenişini hem-de eseriň özbaşdak düşündirilişini esasly gorap bilmek ukybyny ösdürmekden ybaratdyr.
Talyplaryň bilimini has-da ýokarlandyrmakda nazaryýetiň geljekki hünär bilen arabaglanyşygynyň möhümdigine aýratyn üns berilýär. Bu ugurda talyplara alan başarnyklaryny dürli görnüşli tabşyryklary ýerine ýetirmekde, şol sanda deňeşdirme häsiýetnamalaryny düzmekde, syn taýýarlamakda we beýleki işlerde ulanmak öwredilýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda okuw döwründe sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga, medeniýetara we sanly sowatlylygyň ösmegine, şeýle hem milli bilimiň dünýä meýilleri bilen gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edýär. Munuň bilen bilelikde, institutyň agzybir işgärleriniň alyp barýan işleri ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, dil bilimi we edebiýat öwreniş seljermesiniň usullaryny kämil derejede özleşdiren, ylmy-barlag we pedagogik işlere, şeýle-de bilim maksatnamalarynyň, aň-bilim taslamalarynyň hem-de sanly ynsanperwer serişdeleriň işlenip taýýarlanmagyna taýyn bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri terbiýelemekde öz goşantlaryny goşmaga gönükdirilendir.
Enejan Akgaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus edebiýaty kafedrasynyň mugallymy.