Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hünär baýramy mynasybetli ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine Gutlagyny iberip, olaryň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan saldamly goşandyny aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny nygtady. Bu Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere we gazanylýan ägirt uly üstünliklere ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň zähmetsöýer işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap bilim edaralary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, innowasion enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary hem-de iri önümçilik maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär.
«Şu ýylyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, şeýle hem «Arçman» şypahanasynyň goşmaça täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda gurluşyk işleriniň giň gerim bilen alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.