Ï «Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi

view-icon 123
«Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi

Eşretli zamanamyzyň belent ruhuna öwrülen türkmen bedewleri bilen baglanyşykly ýurt we halkara derejesinde geçirilýän çäreler «Asman atlarymyz» bilen bilelikde türkmen döwletiniň abraý-mertebesini hem dünýä jar edýär. Bu bolsa dünýä halklarynyň we halkyýetleriniň köklerini gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan türkmen milletiniň şöhratly taryhyna, umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli mirasyna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Diňe bir berkarar Diýarymyzda däl, eýsem, tutuş dünýäniň bedew janköýerlerinde uly gyzyklanma döretjek şeýle çäreleriň biri — «Amul-Hazar» atly ýörişi şu gün Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän gadymy Amul galasynyň golaýyndan badalga aldy. 2026-njy ̶ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çuňňur mazmunly şygary bilen baglanyşykly, şeýle hem Berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy giňden bellenilen şanly ýylymyzy dabaralandyrmak, ýaş nesillerde milli mirasymyza, şol sanda ahalteke atlarymyza söýgi döretmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen guralan bu taryhy ýörişe Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinden 5 wekil, jemi bedewlere atlanan ýigitleriň 35-si gatnaşýar.

Mälim bolşy ýaly türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň paýhas ýörelgesinden kemal tapan milli mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzyň iň naýbaşylarynyň biri arassa ganly türkmen bedewleriniň taryhyny, pederlerimiziň gujur-gaýratyndan, bedew atlara bolan çäksiz söýgüsinden dörän atşynaslyk ýörelgesini, asyrlar boýy toplanan tejribesini, seýisçilik sungatyny ilik-düwme öwrenmek, häzirki bagtyýar zamanamyzda ylmyň bu ugurda iň soňky gazananlary bilen utgaşdyrmak, milli atşynaslyk sungatymyzy dünýä çykarmak boýunça alnyp barylýan tutumly işler özüniň buýsandyryjy netijelerini berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýiti zehininden dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary, bedew atlara bolan bimöçber sarpasy ýaş nesillerimiz üçin ýörelgä öwrülýär. Türkmen bedewlerine goýulýan sarpa bolsa halkymyzyň tutuş şöhratly taryhyna goýulýan sarpadyr. Ýurdumyzda atşynaslyk sungatyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan tutumly işler, döredilýän giň şertler hut Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup ulanylmaga berlen döwrebap atçylyk-sport toplumlary, Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aşgabat şäheriniň eteginde täzeden gurlup döwrebaplaşdyrylan Türkmenistanyň Prezidentiniň atçylyk toplumynyň, şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hereket etmegi ata Watanymyzda pederlerimizden miras galan atşynaslyk sungatynyň bagtyýar zamanamyzyň ruhuna laýyk ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilmegi, bu baýramçylykda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşikleriniň, ussat çapyksuwarlaryň, şol sanda halypa çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda at çapyşyklarynyň guralmagy halkymyzyň buýsanjyna öwrülýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ygtybarly geljegini nazarlaýan Diýarymyzda atşynaslyk sungaty boýunça alnyp barylýan haýyrly işler halkara derejesinde hem dabaralanýar. Eşretli zamanamyzda milletiň dünýä medeniýetinde aýratyn orun alan milli mirasy täze ruhda ganatlanýar, türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň mertebesi bolup äleme dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ençeme halkara bäsleşiklerinde, abraýly sirk festiwallarynda baýrakly orunlary eýelän meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň geçen ýylyň başynda Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmaklygy, şu ýylyň başynda Monte-Karloda geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň çäklerinde sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan bu meşhur topara halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy halkymyzyň bedewşynaslyk sungatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrarnamasyna öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde, Özbegistan Respublikasynda geçirilen at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde gazanylan üstünlikler, Niderlandlar patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň atly sport we gözellik boýunça dünýä çempionaty türkmen bedewleriniň şanyny ýene bir gez äleme ýaýdy.

Geçmişe ser salanymyzda türkmen bedewleriniň halkymyzyň şöhratly taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, Oguz han atamyzdan, Görogly begden başlap şu günlerimize çenli bedew atlarymyzyň gerçek ýigitlerimiz bilen ykbal ýoluny bile külterländigini görmek bolýar.

Taryhda «Nusaý atlary» ady bilen meşhurlyk gazanan bedewlerimiziň çydamlylygyny, ýyndamlygyny, dürli howa şertlerine döz gelip bilýändigini görkezen, taryhda öçmejek yz galdyran atly ýörişleriň hem ençemesi guralypdyr. 1935-nji ýylda merdana türkmen ýigitleriniň 27-siniň gatnaşmaklarynda geçirilen, aralygy 4 müň kilometrden gowrak bolan «Aşgabat — Moskwa» atly ýörişini, 1936-njy ýylda bedew atlara atlanan türkmen gyzlarynyň «Çärjew — Aşgabat», «Kaka — Aşgabat», «Garrygala — Aşgabat», «Kerki — Aşgabat» aralyklarda guralan atly ýörişlerini mysal getirmek bolar. 2017-nji ýylda ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup, türkmen sportunyň ajaýyp üstünligi bilen tamamlanan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda bu uly halkara sport baýramyna bagyşlanyp, gerçek ýigitleriň 17-siniň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alan atly ýöriş hem taryhyň sahypalarynda aýratyn orun aldy. Bu ýörişiň Aziýa oýunlarynyň başlanjak gününde jemlenilmegi, ýaryşyň alawynyň taryhda ilkinji gezek ahalteke bedewine atlanan gerçek ýigit tarapyndan ýakylmagy türkmen halkynyň türkmen bedewlerine bolan alawlap duran söýgüsiniň subutnamasy hökmünde kalbymyzda baky orun aldy.

Şanly ýylymyza bagyşlanan giň gerimli çäreleriň üstüni ýetirjek «Amul — Hazar» atly ýörişi mynasybetli gadymy Amul galasynyň golaýynda — Garagum sährasynda medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde guralan türkmeniň ak öýleri, milli mirasymyzy şöhlelendirýän giň göwrümli sergiler dabara ýygnanan ýaşuly nesliň wekillerini, dürli kärde zähmet çekýän raýatlarymyzy, talyp ýaşlary milli mirasymyzyň özboluşly dünýäsine seýle çykardy. Ajaýyp sahnalarda medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan ýaýbaňlandyrylan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ýörelgelerini, eşretli zamanamyzy, şany dünýä dolan ahalteke bedewlerini wasp edýän aýdymlar, tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary, bagşy-sazandalaryň belent heňli aýdymlary milletiň arşa galan ruhy dünýäsiniň buşlugy bolup çar tarapa ýaň saldy. Medeni çykyşlardan soňra il sarpaly ýaşulularyň ak patasy bilen «Amul — Hazar» atly ýörişine badalga berildi. Görki bilen nazarlary nagyşlaýan ajaýyp ahalteke bedewleriniň 35-sine atlanan ýigitleriň 35-si belentden ýaňlanýan aýdym-sazlaryň astynda ýola düşdüler. Garagum sährasynda ýolugra Gündogar sebitiň medeniýet we sungat işgärleri halk döredijiligi we akopella toparlarynyň çykyşlary bilen ýörişe gatnaşyjylaryň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdylar.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Garagum sährasynyň, daglaryň-düzleriň gözelliklerini, halkymyzyň eşretli durmuşyna güwä geçýän döwrebap binalardyr desgalary synlap, umumy uzynlygy bir müň 755 kilometr ýoly ynam bilen geçerler. Umumy geçiljek menziliň 108 kilometri Lebap we 461 kilometri Mary welaýatlarynyň, 473 kilometri Ahal we 33 kilometri Daşoguz welaýatlary, şeýle hem 680 kilometri hem Balkan welaýatynyň çäginden geçer. Şanly ýyla şan goşjak «Amul — Hazar» atly ýörişiniň üstünlikli geçjekdigine oňa gatnaşýan gerçek ýigitleriň gaýduwsyzlygy, keşbinde kerem, ýurdunda Erem bolan ahalteke bedewleriniň çydamlylygy, eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy güwä geçýär.

Ýoluňyz ak bolsun, atly ýörişe gatnaşyjylar!