Ï Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda iki bürünç medal gazandy.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda iki bürünç medal gazandy.

view-icon 1620
Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Mätýakubow Hytaýda geçirilen dünýä çempionatynda iki bürünç medal gazandy.

22 ýaşly halkara sport ussady Şahzadbek Mätýakubow agyr atletika boýunça Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 110 kg çenli agram toparynda çykyş edip, iki medal – silkip götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Bu agram toparynda medallar ugrunda 28 ýurtdan gelen otuz türgen bäsleşdi. Bu hormat münberi Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby üçin uly ýaşlylaryň arasyndaky dünýä birinjiligi ugrunda gazanylan ilkinji ýeňiş boldy.

Şahzadbek alty synanyşygyň dördüsini üstünlikli amala aşyrdy. Silkip götermek 180 kg agram bilen şowsuz synanyşyk bilen başlan hem bolsa, ol soňra 183 kg we 187 kg agramy ynam bilen göterdi. Birinji synanyşykdan soň, türkmen agyr atletikaçysy 20 ýaşly dünýä wise-çempiony eýranly Alireza Nasiriden (185 kg) 2 kg we 25 ýaşly 2026-njy ýylyň Ýewropa çempionatynyň bürünç medalçysy bolgariýaly Hristo Hristowdan (186 kg) 1 kg artyk götermek bilen, dördünji orny eýeledi.

Eýsem-de bolsa, ilkinji üçlük bilen aratapawut uly görünýärdi. Ol 2024-nji ýyl Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy Hytaý Taýpeýinden gelen 28 ýaşly Çen Po-tszenden (191 kg) 4 kg we asly kubaly 29 ýaşly rumyn türgeni Luis Rodrigesden (194 kg) 7 kg yzdady. Birinjiligi täze dünýä rekordyny (198 kg) goýan 27 ýaşly 2020-nji ýylda Tokioda geçirilen olimpiadanyň çempiony özbegistanly Akbar Juraýew eýeledi. Şeýle ökde türgenler bilen umumy ýaryşda medal gazanmak mümkinçiligi hyýaly bir zat ýalydy, ýöne ikinji ýaryş sport trillerine mynasyp dartgynly taktik söweşe öwrüldi.

Bolgariýaly Hristo Hristow ýaryşdan derrew çykaryldy: bil agyrysy sebäpli, başlangyç agram bolan 210 kg götermekde üç synanyşygyň hiç birinde-de göterip bilmedi. Ýöne Mätýakubow ilkinji synanyşygynda 215 kg agramy ynam bilen göterdi. Ýöne onuň esasy bäsdeşleri-de aratapawudy çalt artdyrdylar: Çen Po-tçzen 219 kg göterip, ýaryşy jemi 410 kg bilen tamamlady, Luis Rodriges bolsa gezek-gezegine 216 we 222 kg göterdi. Türkmen agyr atletikaçysy bu agyrlyklary götermäge synanyşyk etmän, ikinji synanyşygynda özi üçin rekord agyrlygy, 224 kg sargyt etdi, emma ştanga oňa boýun bolmady.

Meýdança çykan Alireza Nasiri ilkinji synanyşygynda 226 kg göterip, iki görnüşiň jemi boýunça Şahzadbekden 9 kg öňe geçende, ýagdaý hasam ýitileşdi. Luis Rodriges bolsa soňky synanyşygynda 226 kg agyrlygyň hötdesinden gelip bilmän, jemi 416 kg saklandy. Rumyn türgeninden öňe geçip, ilkinji üçlüge girmek üçin, Mätýakubow töwekgellik edip, soňky synanyşygynda 230 kg – özüniň şahsy rekordyndan (222 kg) 8 kg artyk agyrlygy sargyyt etdi.

Ýaryşyň iň ýokary pursadynda Şahzadbek ştangany kynlyk bilen döşüne galdyrdy, elde baryny edip, ony göterdi-de, kellesinden ýokarda saklady. Onuň täze şahsy rekordy (230 kg) ony jemi 417 kg (187 kg + 230 kg) bilen ikinji orna çykardy we Rodrigesi hem-de Nasirini yzda galdyrdy. Kümüş medaly gaýtaryp almak üçin, eýranly 233 kg sargyt berdi, onuň hötdesinden üstünlik bilen geldi we bary-ýogy 1 kg – 418 kg (185 kg + 233 kg) artyk göterip, türkmen türgeninden öňe geçdi-de, ikinji gezek yzly-yzyna dünýäniň wise-çempiony boldy. Iki gezek dünýä rekordyny goýan – silkmekde (198 kg) we iki görnüşiň jeminde (432 kg, 198 kg + 234 kg) göteren Akbar Juraýew dört gezek dünýä çempiony boldy. Soňky synanyşygynda ol üçünji dünýä rekordyny-da (silkip götermekde 238 kg) götermäge synanyşdy, ýöne ştanga onuň diýenini etmedi.

Şahzadbek Mätýakubow ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynda ilkinji medalyny özi üçin täze toparda, ýagny 110 kg çenli agram toparynda ikinji ýaryşda gazandy. Mundan öň, ol üç ýyl yzly-yzyna ýaşlar derejesinde üstündi: 2023-nji ýylda ol Hindistanyň Deli şäherinde geçirilen Aziýa ýetginjekler çempionatynda we Kataryň Doha şäherinde geçirilen IWF Grand Prix II ýaryşynda 96 kg çenli agram toparynda ýeňiji bolupdy, şeýle hem Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçirilen ýetginjekler dünýä çempionatynda kümüş medal gazanypdy. 2024-nji ýylda Şahzadbek Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda 102 kg çenli agram toparynda üç altyn medal gazandy we silkip götermekde dünýä rekordyny goýdy (216 kg). Soňra ol Dohada geçirilen Aziýa ýetginjekler çempionatynda üç gezek ýeňiş gazandy we silkip götermekde (219 kg) hem iki görnüşiň jeminde (396 kg) ýetginjekler arasynda täze dünýä rekordlaryny goýdy. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Mätýakubow Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen 20-nji tomusky Aziýa oýunlarynda jemi 410 kg (188 kg + 222 kg) götermek bilen, ilkinji kümüş medalyny gazandy. Iki aýdan soň, bolsa ol Hytaýda özüniň iň gowy görkezijisinden 7 kg artyk göterdi.

Şahzadbek sport ýoluny Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda agasy Nabijon Mätýakubowyň ýolbaşçylygynda başlapdy, häzirki wagtda bolsa milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Meretguly Sähetmyradowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Ninbo şäherinde geçen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň adyndan jemi on agyr atletikaçy çykyş etdi, olaryň köpüsi parlak netijeler we rekordlar bilen tapawutlandy. 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda meýdança ilkinji bolup iki gezek dünýä çempiony Ogulşat Amanowa çykdy. Ol 53 kg çenli agram toparynda silkmekde 85 kg, itekläp götermekde 104 kg göterip, 33 ýurtdan gelen 38 bäsdeşiň arasynda jemi 189 kg bilen 20-nji orny eýeledi.

57 kg çenli agram toparynda 16 ýaşly sport ussady Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndan 12-nji synp okuwçysy Şäbnäm Kerimbaýowa hakyky öňe gidişlik görkezdi. Ol 13 – 17 ýaşly gyzlaryň arasynda iki sany ýetginjekler dünýä rekordyny goýdy – silkmekde (89 kg) we iki görnüşiň jemi boýunça (201 kg), şeýle hem silkmekde (112 kg) göterip, ýetginjekler dünýä rekordyny gaýtalady we 13 ýurtdan gelen 14 türgeniň arasynda bäşinji ýokary orny eýeledi. Beýleki zenan toparlarynda Medine Amanowa (69 kg çenli) jemi 222 kg (96 kg + 126 kg) bilen 39 ýurtdan gelen 48 türgeniň arasynda 22-nji orny eýeledi, Gülälek Kakamyradowa (77 kg çenli) bolsa jemi 232 kg (105 kg + 127 kg) göterip, 28 ýurtdan gelen 35 türgeniň arasynda 16-njy orny eýeledi.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda 18 ýaşly sport ussady, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň birinji ýyl talyby Didarbek Jumabaýew 75 kg çenli agram toparynda üç sany ýaşlar (15 – 20 ýaş aralygyndaky türgenleriň) arasynda täze dünýä rekordyny goýdy. Ol silkmekde 152 kg, itekläp götermekde 188 kg we iki görnüşiň jeminde 340 kg görkezijileri gazanmak bilen, jemleýji sanawda ýedinji orny eýeledi. Şol agram toparynda çykyş eden Bektimur Reýimow 36 ýurtdan gelen 30 türgeniň arasynda 335 kg (157 + 178) netije görkezip, ilkinji onluga girdi. 85 kg çenli agram toparynda Gaýgysyz Töräýew jemi 358 kg (157 + 201) bilen 37 ýurtdan gelen 41 türgeniň arasynda 14-nji orny eýeledi. 95 kg çenli agram toparynda bolsa Rüstem Annaberdiýew alty synanyşygyň hiç birini üstünlikli amala aşyryp bilmedi we ýaryşy hiç hasap bilen tamamlady.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň çykyşyny 86 kg çenli agram toparynda hormat münberine iki ädim ýetmän galan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň üçünji ýyl talyby Anamjan Rustamowa jemledi. Ol jemi 264 kg (118 + 146) netije gazanyp, Dominikan Respublikasyndan gelen bürünç medalçy Ýudelina Mehiýadan 266 kg (119 + 147) bilen bary-ýogy 2 kg yzda galmak bilen, 31 ýurtdan gelen 37 türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi. Kümüş medaly 2021-nji ýylda Ukrainanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä we ýewropa çempiony bolan, 2023-nji ýylda bolsa doping ulanandygy sebäpli, ähli üstünligi elinden alnandan soň, Bahreýniň baýdagy astynda çykyş etmäge başlan Alina Maruşşak jemi 272 kg (123 + 149) götermek bilen, gazandy. Iki dünýä rekordyny goýan – silkip götermekde (163 kg) we iki görnüşiň jeminde (291 kg) göteren hytaýly Lýao Guýfaň üçünji gezek dünýä çempiony boldy.