Ï Ylym, tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk: Aşgabat «Turkmen energy» halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylym, tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk: Aşgabat «Turkmen energy» halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar

view-icon 89
Ylym, tehnologiýalar we hyzmatdaşlyk: Aşgabat «Turkmen energy» halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar

«Turkmen energy» («TESC 2026») halkara ylmy-amaly maslahaty 2026-njy ýylyň 14 – 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Maslahat energetika ylmyny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar.

«Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriljek forum döwlet edaralarynyň, öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemlär.

Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanda energetika ylmyny ösdürmäge, senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär. Bu ugurlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.

«TESC 2026» maslahatynyň esasy üns merkezinde ylmy gazananlary iş ýüzünde ulanmak, sanly özgertmeler we emeli aň, nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, metan zyňyndylaryny azaltmak, innowasiýalary maliýeleşdirmek hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meseleleri bolar.

Halkara howa başlangyçlary we amaly hyzmatdaşlyk

Öňde boljak maslahatyň ähmiýetini Türkmenistanyň halkara howa başlangyçlary has-da artdyrýar. Bu başlangyçlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşmagynyň dowamynda täze ösüşe eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup durýandygyny tassyklady.

Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, energetika netijeliligini ýokarlandyrmak, energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ekologiýa taýdan howpsuz döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň öňe süren teklipleriniň hatarynda 2028 – 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip yglan etmek mümkinçiligine seretmek, Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly atlasyny taýýarlamak, Howa bilen bagly tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine garamak bar.

2027-nji ýylyň başynda işe girizilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň döredilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Onuň işi halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we howa durnuklylygy ulgamynda döwrebap tehnologik çözgütleriň ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdiriler.

Şu nukdaýnazardan, «TESC 2026» häzirki zaman önümçilik we ekologiýa meselelerine laýyk gelýän amaly çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy-tehniki tejribe alyşmak üçin goşmaça hünär meýdançasyna öwrüler.

Ylym, tehnologiýalar we halkara energetika hyzmatdaşlygy

Maslahatyň maksatnamasynda strategik plenar mejlisleri, ylmy-tehniki sessiýalary, ýöriteleşdirilen «tegelek stol» maslahatlary, tehnologik tanyşdyrylyşlary we bilermenleriň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

«Türkmenistanyň energetika geljegi: ylmyň, tehnologiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi» atly açylyş plenar mejlisi ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmegiň geljegine, ylmy-tehnologik mümkinçilikleri pugtalandyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanar.

Maksatnamada Türkmenistanyň öňdebaryjy daşary ýurt energetika kompaniýalary, şol sanda «PETRONAS», «Dragon Oil» we «CNPC» bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň tejribesini ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn orun berler.

Maslahata gatnaşyjylar energetika serişdelerini özleşdirmekde, döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, milli hünärmenleri taýýarlamakda we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ornuna serederler.

Sanly özgertmeler we emeli aň

Maslahatyň esasy ugurlarynyň biri energetika senagatynda sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak bolar.

Maksatnama energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we tehnologiýa işewürliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda innowasion çözgütleri işläp taýýarlamakdan başlap, olary önümçilikde iş ýüzünde ulanmaga geçmek meselelerine bagyşlanan pikir alyşmalary öz içine alýar.

Ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýän temalaryň hatarynda sanly ekizler, intellektual dolandyryş ulgamlary, enjamlaryň ýagdaýyny öňünden anyklaýyş, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmak, maglumatlary birleşdirmek, şeýle hem uglewodorodlary gözlemekde we gazyp almakda emeli aňy ulanmak bar.

Tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ykdysady netijeliligine, önümçilik aktiwlerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge we sanly özgertmeler şertlerinde işlemäge hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berler.

Metan zyňyndylaryny azaltmak we ekologiýa durnuklylygy

«TESC 2026» maslahatynyň maksatnamasynda metan zyňyndylaryny azaltmak we tebigaty goramagyň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meseleleri hem möhüm orun eýelär.

Maslahatyň çäklerinde «Metan zyňyndylaryny azaltmak: halkara hyzmatdaşlyk, tehnologiýalar we amaly çözgütler» atly ýöriteleşdirilen «tegelek stol» maslahatlary geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Maslahatlaşmalara milli energetika kompaniýalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we tehnologik jemgyýetçiligiň wekillerini çekmek göz öňünde tutulýar.

Oňa gatnaşyjylar zyňyndylary ölçemegiň we gözegçilikde saklamagyň häzirki zaman usullaryna, hemra tehnologiýalaryny ulanmaga, tebigy gazyň syzmalaryny ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga, hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge hem-de halkara tehniki hyzmatdaşlygynyň geljegine gararlar.

«Tegelek stol» maslahatynyň mowzugy Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyny durmuşa geçirmek, energetika netijeliligini ýokarlandyrmak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça alyp barýan işleri bilen utgaşýar.

Hünärmenleriň tejribe alyşmagynyň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge we döwrebap ekologiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ulanmagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam bermegine garaşylýar.

Ylmy işläp taýýarlamalar we uglewodorodlary gazyp almagyň netijeliligini ýokarlandyrmak

Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman ylmy-tehniki çemeleşmelere aýratyn üns berler.

Nebit inženerleriniň jemgyýeti (SPE) bilen hyzmatdaşlykda özleşdirmegiň giçki tapgyrlaryndaky ýataklarda önümçiligi optimizirlemek meselesine bagyşlanan ýöriteleşdirilen tehniki «tegelek stol» maslahatynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda gatlaklary dolandyrmak, guýulary ulanmagyň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek, nebit berijiligini ýokarlandyrmagyň usullaryny ulanmak, abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek we ýataklaryň öndürijilikli ulanylyş möhletini uzaltmak meselelerine garalar.

Milli energetika kärhanalarynyň, halkara operatorlaryň, inženerçilik kompaniýalarynyň we ylmy-barlag guramalarynyň hünärmenleriniň arasynda amaly tejribe alyşmak aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Innowasiýalary maliýeleşdirmek we ylmy mümkinçilikleri ösdürmek

Maslahatyň tematiki mejlisleriniň biri innowasiýalary maliýeleşdirmek, tehnologik hyzmatdaşlygy ösdürmek we ylmy-tehniki taslamalara maýa goýumlaryny çekmek meselelerine bagyşlanar.

Oňa gatnaşyjylar amaly barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň mehanizmlerini, senagat kärhanalarynyň ylmy edaralar bilen özara gatnaşyklaryny, halkara tejribesini çekmegi we tehnologik ösüş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşarlar.

Ylmy işläp taýýarlamalary iş ýüzünde ulanmak üçin şertleri döretmäge, hünär başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem ylym, bilim we önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýaşlar we energetika ylmynyň geljegi

«TESC 2026» maslahatynyň möhüm ugurlarynyň biri energetika pudagynda häzirki zaman ylmy bilimlerini we tehnologik çözgütleri ulanmaga ukyply hünärmenleriň täze neslini taýýarlamak bolar.

«Energetikanyň geljekki liderleri» atly tematiki sessiýa hünär başarnyklaryny ösdürmek, ýokary okuw mekdepleriniň senagat kärhanalary bilen özara hyzmatdaşlygy, halypa-şägirtlik we ýaş hünärmenleriň hünär taýdan ösüş mümkinçilikleri meselelerine bagyşlanar.

Mundan başga-da, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň innowasion pikirlerini hem-de taslamalaryny hödürläp biljek ylmy-tehnologik meýdançasy bolan «TESC Youth Energy Forum 2026» ýaşlar forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýaşlar forumynyň maksatnamasynda talyplaryň işläp taýýarlamalarynyň tanyşdyrylyşlary, bilermenleriň gatnaşmagyndaky pikir alyşmalar, energetika kompaniýalarynyň we hünär birleşikleriniň wekilleri bilen tejribe alyşmak göz öňünde tutulýar.

Teklip edilýän ugurlaryň hatarynda emeli aň, sanly ýataklar, robototehnika, energetika netijeliligi, metan zyňyndylaryny azaltmak we uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň döwrebap tehnologiýalary bar.

Bu başlangyç ýaşlaryň ylmy mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bilim bilen önümçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem inženerçilik we ylmy hünärlere bolan gyzyklanmany ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ylmy dialogdan amaly netijelere tarap

Maslahatyň mejlisleri bilen bir hatarda tehnologik sergini, innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyşyny hem-de B2B we B2G görnüşlerindäki işewür duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

«TESC 2026» maslahatynyň ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy halkara tejribesiniň alyşylmagyna, döwlet edaralarynyň, energetika kompaniýalarynyň, ylmy guramalaryň we tehnologik işewürligiň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam etmegine garaşylýar.

Maslahatyň Aşgabat şäherinde geçirilmegi Türkmenistanyň energetika pudagynyň ylmy mümkinçiliklerini ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alyp barýan işlerini şöhlelendirýär.