Ï Ýurdumyzda sebitleri senagat taýdan ösdürmek: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde pudaklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda sebitleri senagat taýdan ösdürmek: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde pudaklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 284
Ýurdumyzda sebitleri senagat taýdan ösdürmek: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde pudaklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 – 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynda» kesgitlenen wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, hususan-da, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmäge bagyşlandy.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Annamämmedow öňde durýan çäreler barada hasabat bilen çykyş edip, her welaýat boýunça senagaty we infrastruktura desgalaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny beýan etdi.

Nygtalyşy ýaly, strategiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Ahal welaýatynda gurluşyk materiallarynyň, himiýa we energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, gazhimiýa önümleriniň öndürilişini giňeltmek, aýna, dokma önümlerini öndürýän täze kärhanalary döretmek, azyk senagatyny ösdürmek, ýol-ulag infrastrukturasynyň gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak, hereket edýän önümçilik kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplumyň ikinji tapgyryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalar toplumyny gurmak, ýod, brom, tehniki hem-de nahar duzunyň önümçiliklerini ösdürmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, döwrebap köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň esasynda önümçilikleri giňeltmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Daşoguz welaýatynda gazhimiýa önümçiligini ösdürmek, hususy ulgam tarapyndan oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagaty giňeltmek bilen bir hatarda, ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek göz önünde tutulýar.

Lebap welaýatynda kükürt, kaliý, daş duzlary ýaly tebigy serişdeleriň esasynda dag-magdan önümçiligini ösdürmäge, gurluşyk garyndylaryny hem-de gipsokarton önümlerini öndürýän döwrebap kärhanany işe girizmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Mary welaýatynda gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek, täze önümçilik kärhanalaryny döretmek, hereket edýän kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olarda innowasion tehnologiýalary, sanly ulgam arkaly dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz soňky döwürde önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny aýdyp, wise-premýere önümçilikde ýokary tehnologiýaly önümleriň eýeleýän paýyny yzygiderli artdyrmak, maglumat merkezlerini, müňlerçe täze iş ornuny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.