Ï Aşgabatda 19 – 20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda 19 – 20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler

view-icon 938
Aşgabatda 19 – 20-nji noýabrda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky teklibi makullady. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň 19 – 20-nji noýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän döredijilik forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Seýidowa hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzda dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi medeni diplomatiýa arkaly dünýä ýurtlary, hususan-da, Ýewropa döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Myhmanlaryň paýtagtymyzdaky muzeýlere, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine, şol sanda häzirki wagtda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dowam edýän «Ene tebigat» atly sungat sergisine baryp görmekleri meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy we Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.