Ï Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürilýär

view-icon 1
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürilýär

17-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň Gümrük we nyrh müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda gümrük ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri gümrük gulluklarynyň işgärleri üçin hünär okuwlaryny guramak boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýapon tarapy tarapyndan hödürlenen «Tälimçileri taýýarlamak» («Training of Trainers») maksatnamasynyň aýratynlyklaryna garaldy. Maksatnamanyň çäklerinde okuwlary geçirmegiň netijeli usullaryny ulanmak, amaly başarnyklary ösdürmek we hünärmenleriň özara tejribe alyşmagyny ýola goýmak meselelerine üns berildi.

Şeýle duşuşyklar Türkmenistanyň gümrük ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Taraplaryň geljekde-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklamagy bu gatnaşyklaryň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar.