Ï «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

view-icon 4
«Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

17-nji dekabrda Türkmen oba hojalyk instituty «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly sanly ulgam arkaly III halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.

Institut foruma gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we işewürlik düzümleriniň wekillerini çagyrýar.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň maksady oba hojalygynda biotehnologiýalar ulgamyndaky ylmy barlaglaryň esasy wezipelerini we ugurlaryny, olary ornaşdyrmagyň we ulanmagyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin professorlary, alymlary, ylmy-barlaglary alyp barýan gözlegçileri, tejribeli hünärmenleri bir ýere jemlemekden ybaratdyr.

Maslahat umumy plenar mejlisi we üç sany tematiki bölümçäniň işini öz içine alar:

I. Genetika we agrobiotehnologiýada innowasiýalar;

II. Biogorlar, bioremediýasiýa we durnuklylyk;

III. Obasenagat toplumynda bilim we mümkinçilikleri ösdürmek.

Foruma gatnaşmak isleýänler 5-nji dekabra çenli guramaçylyk toparyna bellenen nusga boýunça hasaba alyş resminamasyny ibermelidirler. Gatnaşjaklaryň çykyşlarynyň gysgaça mazmuny we synlary 8-nji dekabra çenli kabul edilýär.

Çykyşlaryň gysgaça mazmunynyň we synlaryň, gatnaşmak baradaky haýyşnamalaryň resmileşdiriliş düzgünleri we nusgalary, şeýle hem gatnaşyjylar üçin beýleki peýdaly maglumatlar Türkmen oba hojalyk institutynyň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.

Guramaçylar geçiriljek halkara forumyna gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisini çagyrýarlar we onuň tematiki hünär duşuşyklar we maslahatlaşmalar üçin netijeli hem-de ähmiýetli meýdança boljakdygyna, obasenagat pudagynyň ylmy esasda durnukly ösüşine saldamly goşant goşjakdygyna, şeýle hem dünýäniň ýurtlarynyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.