Ï «Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler

view-icon 2
«Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler
«Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler
«Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler
«Türkmentel – 2026»: Türkmenistanda 4G we 5G aragatnaşyk standartlarynyň hyzmatlary bilen doly gurşaw üpjün ediler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär. Forumlar ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň mümkinçiliklerini we häzirki zaman innowasion çözgütlerini özleşdirmekde gazanan üstünliklerini görkezýär.

Foruma bagyşlanan iş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş etdi. Ol ýurdumyzda sanly özgertmeleriň täsirli depginler bilen amala aşyrylmagynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesidigini belledi.

Ministriň aýtmagyna görä, daşarky magistral aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda içerki telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak işleri hem alnyp barylýar.

«Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ulag, internet we ykjam aragatnaşyk torlaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak we giňeltmek boýunça iri halkara bäsleşikleri geçirilýär. Biziň esasy wezipämiz paýtagtymyzdan başlap, iň uzakdaky ilatly ýerlere çenli Türkmenistanyň ähli künjeklerini 4G we 5G standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlary bilen doly gurşap almakdan we şeýlelikde, sanly deňsizligi doly aradan aýyrmakdan ybaratdyr» diýip, ministr H. Hudaýgulyýew aýtdy.

Milli kosmos hemrasynyň üstünlikli ulanylmagy tehnologik garaşsyzlygyň ygtybarly kepili bolup durýar. H. Hudaýgulyýewiň belleýşi ýaly, ol diňe bir ýurdumyzyň içinde telewideniýanyň we radiogepleşikleriň, maglumatlaryň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlara täjirçilik we infrastruktura hyzmatlaryny hödürlemek üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.

«Öňdebaryjy gazanylan üstünlikleriň aýdyň beýany hökmünde «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň konsepsiýalarynyň esasynda gurlan Türkmenistanda ilkinji «akylly şäher» – Arkadag şäherini görkezmek bolar. Hut şu ýerde ýurdumyzda ilkinji gezek 5G standartly aragatnaşyk torlary ulanmaga berildi. Şäheriň özi bolsa şäher gurşawyny dolandyrmak we serişdeleri tygşytlamak babatda nusgalyk çözgütleri görkezýär» diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirdi.

Ministr «akylly» şäherleri taslamak we ulanmak babatda tejribe alyşmaga, şeýle hem iň gowy iş tejribelerini paýlaşmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ýolbaşçysy anyk amaly netijelere gönükdirilen netijeli halkara hyzmatdaşlygy bolmazdan, sanly özgertmeleriň we durnukly ösüşiň mümkin däldigini belledi. H. Hudaýgulyýew Türkmenistanyň birnäçe ugur boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga açykdygyny ýatlatdy.

Şol ugurlaryň hatarynda ylmy barlaglary, sanly telekeçiligi we tehnologik başlangyçlary goldamak maksady bilen sebit derejesindäki ylmy-innowasion merkezleri hem-de öňdebaryjy tejribe merkezlerini döretmek; sebitara özara arabaglanyşygy we integrasiýany çuňlaşdyrmak üçin serhetüsti sanly geçelgeleri we internet magistral ulgamlaryny kemala getirmek; innowasiýalary giňden ornaşdyrmak we tehnologik çözgütleri höweslendirmek üçin ýöriteleşdirilen maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we işe girizmek, şeýle hem ylmy we tehnologik mümkinçilikleri durnuklylyga hem-de «ýaşyl» tehnologiýalara aýratyn ähmiýet bermek bilen, howa, energetika we logistika strategiýalaryna goşmak ýaly ugurlar bar.