Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada ESGCA taslamasynyň utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada ESGCA taslamasynyň utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy

view-icon 67
Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýada ESGCA taslamasynyň utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Merkezi Aziýada bilim we iş üpjünçiligi ulgamynda ekologik meseleleri, jemgyýetiň isleglerini çözmek hem-de netijeli dolandyryş» (ESGCA) atly halkara taslamasynyň utgaşdyryjy iş maslahatyna gatnaşdylar.

Çäre 14 — 25-nji noýabr aralygynda Italiýan Respublikasynyň Genuýa uniwersitetiniň Bilim departamentiniň binýadynda geçirildi. Duşuşyga Ýewropanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, bilermenleri we akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde taslama boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi hem-de 2026 — 2027-nji ýyllar üçin öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna durnukly ösüş, ekologik howpsuzlyk we korporatiw dolandyryş (ESG) boýunça magistrlik bilim maksatnamalaryny hem-de saýlama mikrokredit modullaryny ornaşdyrmak babatda gazanylan netijelere ýokary baha berildi.

Çärä gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmegi, mugallymlaryň we talyplaryň akademiki hereketlerini giňeltmegi, şeýle hem halkara ylmy ulgamy döretmegi göz öňünde tutýan Ýol kartasyny ylalaşdylar.

Italiýada geçirilen bu halkara duşuşyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulmagynyň, milli bilim ulgamyna öňdebaryjy halkara tejribäni ornaşdyrmagyň hem-de durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmaga ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.