Ï Täze bilim merkezi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze bilim merkezi

view-icon 2059

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasynda Türkmen-hindi informasion tehnologiýalar merkeziniň açylyşyna az salym wagt galdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde bu täze bilim merkeziniň işe girizilmegi häzirki zaman bilimleriň tarapdarlary üçin ýene-de bir ajaýyp sowgat bolar.


Bu günler merkezde soňky taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Okatmagyň meýilnamalary işlenilip düzülýär. Merkezde ornaşdyrylan häzirki zaman tehniki enjamlar türkmen tarapynyň we bu bilim taslamasy boýunça hyzmatdaş bolan hem-de Türkmen-hindi informasion tehnologiýalar merkezini ýörite okuw elektron programmasy bilen üpjün eden „S-DAS“atly ýokary tehnologiýalar hindi kompaniýasy bilen bilelikde wideokonferensiýalary geçirmäge mümkinçilikleri berýär.


Merkezde kompýuteri kämil derejede özleşdirmekden başlap ýokary tehnologiýalar boýunça hem bilim alyp bolýar. Okuwçylaryň ýaş aýratynlygyna çäklendirmeler ýok. Merkeziň iş wagty okuw bilen işi utgaşdyrmaga mümkinçilik berer. „S-DAS“-hindi kompaniýasynyň gurnamagyndaky geçirilen alty aýlyk okuw geçen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bu merkezde bilim bererler.


Merkeziň ýörite edebiýatlary bilen üpjün edilen hususy kitaphanasynyň bardygyny hem bellemeli. Bu kitaphanada esasy ugurlar boýunça kitaplaryň sany ýedi müňden geçýär.