Şu günler esasy dünýä habarlar agentlikleriniň, meşhur metbugat we elektron neşirleriniň täzeliklerinde iň köp ýatlanyp geçilýän geografiki atlar Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä işewürliginiň bähbitleriniň möhum ulgamy bolan nebitgaz meselesinde ýöriteleşýän bilermenleriň hem-de seljerme geçirijileriň köp sanly teswirlemeleri şolara bagyşlanandyr. Ýewraziýa energetika kartasynda soňky ýyllarda iri açyş bolmak bilen, Günorta Ýolöten-Osman, Minara we Ýaşlar ýataklar toplumy öz gaz kuwwaty boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär, munuň özi esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýyny has berkitdi.
Halkara auditi Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bardygyny subut etdi diýip, “gyssagly” diýen bellik bilen ýaýradylan ähli habarlarda beýan edilýär.
ABŞ-nyň “Associated Press” we Beýik Britaniýanyň “Reuters” habarlar agentlikleriniň Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýataklarynda “Gaffney Cline & Associates” britan kompaniýasy tarapyndan geçirilen täze auditiň netijeleri hakynda ähli maglumatlary getirip nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň gaz gorlary ýakyn geljekde Hytaý, Russiýa, Eýran ýa-da Ýewropa ýaly gaza isleg bildirýän islendik ýurtlar üçin doly derejede ýeterlikdir.
Şunda bilermenler tarapyndan tassyklanan Günorta Ýolöten-Osman, Minara we Ýaşlar ýataklary boýunça 26,2 trillion kub metre barabar gorlaryň gutarnykly däldigi aýratyn bellenip geçilýär. Nebitgazly toplumyň giň çäklerinde geçirilen täze geologiýa-gözleg işleriniň netijesi boýunça bu maglumatlaryň artmagynyň ähtimallygy ýokarydyr.
“Türkmenistan göwrümi boýunça dünýäde ikinji gaz ýatagyna eýedir” diýip, abraýly britan neşirleriniň ýene-de biri bolan “Daily Telegraph” habar berýär. Bu neşir energiýa serişdelerini global möçberde iberiji hökmünde Türkmenistanyň artýan ornuna ünsi jemläp, “türkmen gazy turba geçirijileriň iri taslamalarynyň birnäçesi, şol sanda Hazar sebitinden Ýewropa gaz eltjek Nabucco ýaly irnik taslama üçin hem juda möhüm bolup durýar” diýip belleýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) turba geçirijisi beýleki möhum ugurlaryň hatarynda bellenip geçilýär.
Russiýanyň köp sanly metbugat we elektron neşirleri Türkmenistanyň gündogarsynda ýerleşen geljegi uly ýangyç ýataklarynyň garaşsyz halkara auditiniň netijelerini jikme-jik teswirläp, özüne çekiji täzelikleri habar berýärler. Olaryň hatarynda “Wedomosti”, “Moskowskoýe wremýa”, “EnergoNýus”, Rosbalt habarlar agentligi, PRAÝM-TASS we beýlekiler bar.
Hakykatda ähli neşirler Günorta Ýolöten-Osman we Ýaşlar ýataklarynyň gorlaryna baha beren “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň resmi wekili Jim Gillettiň aýdan sözlerini we şol ýataklaryň ägirt uly kuwwatyny beýan edýän sanlaryny getirýärler.
Şunuň bilen baglylykda, “Kommersant” gazetiniň belleýşi ýaly, gazyň şeýle ägirt uly möçberi Günorta Ýolöten ýatagyny Eýranyň we Kataryň serhet ýakasyndaky “Günorta Pars” ýatagyndan soň dünýäde ikinji orna çykarýar, şol ýatagyň gaz gorlaryna bolsa 28 trillion kub metre barabar baha berilýär. Russiýanyň Urengoý ýatagy 7 trillion kub metre barabar gazy bilen üçünji orny eýeleýär.
eýleki daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň ençemesi hem abraýly bilermenleriň pikirine salgylanyp, Türkmenistanyň we energetika döwletleriniň hatarynda ykrar edilen beýleki ýurtlaryň gaz babatdaky kuwwatynyň deňeşdirme seljermesini getirýärler. Şonda yglan edilen audit maglumatlarynyň türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilýän gaz geçirijilerini serişdeler üpjünçiliginiň kepillendirmeler bilen berkidilendigi we mundan başga hem Türkmenistan tarapyndan yglan edilen täze ýangyç taslamalaryny durmuşa geçirmegi çaltlandyrjakdygy nygtalyp geçilýär.
“Trend” maglumatlar agentligi Türkmenistanda amala aşyrylýan iň uly möçberli taslamalaryň biri bolan Günorta Ýolöten ýatagyny senagat taýdan çalt abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşyny jikme-jik beýan edýär.
“Ýolöten, Minara uçastoklarynyň, ýataklaryň şu toparynyň günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar bölekleriniň geologiki düzümlerini doly anyklamak, şeýle hem olaryň nebitgaz serişdelerine bolan mümkinçiliklerini gutarnykly kesgitlemek we olary özleşdirmegiň göwnejaý taslama çözgütlerini taýýarlamak üçin goşmaça seýsmiki hem-de geologiki-gözleg buraw işleriniň geçirilmeginiň gerekdigini hünärmenler belleýärler” diýip, okyjylaryň arasynda meşhur bolan Internet neşiri habar berýär. Ol “dört müň inedördül kilometre golaý meýdanda gazyň ägirt uly mukdaryny tebigy ýagdaýda saklaýan” bu ägirt uly ýatagyň gorlary barada täze maglumatlary almak mümkindir diýip belleýär.
Hakykatda, ähli beýleki teswirlemeler Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan döwlet hökmünde, şeýle hem täze eýýamyň Lideri--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan progressiw, oýlanyşykly we konstruktiw daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurt hökmünde dünýäniň işewür toparlary üçin örän özüne çekijidigine şaýatlyk edýär.