Ï Suwdan rejeli peýdalanmak – ata Watanymyzyň geljekki rowaçlygynyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Suwdan rejeli peýdalanmak – ata Watanymyzyň geljekki rowaçlygynyň girewi

view-icon 2577
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden eden taryhy çykyşynda--Türkmenistanyň ekologiýa ulgamyny, şol sanda howanyň üýtgemegi, suw gorlaryndan rejeli peýdalanmak we ýerleriň çölleşmegine garşy göreşmek bilen bagly wezipeleriň çözülmegini halkara bileleşiginiň ünsüni çekýän meseleleriň biri hökmünde görkezdi. Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawyň goralmagyna degişli meselelere uly üns berip, şu ugurda BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen has ysnyşykly halkara gatnaşyklarynyň saklanmagynyň tarapdary bolup durýar.

Eýýäm 2007-nji ýylda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine degişli meseleler boýunça sebit derejesindäki taslamany taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürmegi döwletimiziň halkara derejesindäki tagallalarynyň yzygiderlidigine şaýatlyk edýär. Türkmen tarapy bu başlangyjy ösdürip, onuň guramaçylyk taýdan anyk çäkleriniň bellenmegini maksada laýyk hasaplap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmegi teklip etdi hem-de şol Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmegine we onuň netijeli i işi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine taýýardygyny beýan etdi.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan şol teklibi öňe sürüp, suw gorlaryndan netijeli we aýawly peýdalanmak, ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin şor suw akabalaryny sazlaşykly işleýän bitewi ulgama birikdirmek boýunça toplan tejribesine-de daýanýar.

Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda türkmen halky suwa ýaşaýşy gözbaşy we gymmatly baýlyk hökmünde garapdyr. Şoňa görä-de, döwletimiziň suw gorlaryndan aýawly we tygşytly peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerine suwy zerur möçberde bermek, şeýle hem ilaty arassa agyz suwy suw bilen üpjün etmek bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ähli ýagdaýlar göz öňünde tutulýar.

Täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini kämilleşdirmek boýunça strategiki meýilnama görä, suwdan rejelei peýdalanmakda uly möçberli özgertmelere badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol özgerişlikleriň amala aşyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagy bu özgertmeleri göwnejaý we ýokary depginler bilen durmuşa geçirmegiň kepilidir.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň oba senagat toplumyny, şol sanda suw hojalygyny özgertmek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar, şonda suw hojalygyna degişli işgärleriň möhüm wezipesi ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekden, täze suwarymly ýerleri ekin dolanyşygyna girizmekden, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan hem-de gurak howa mahsus şertlerde wajyp wezipe hökmünde suwdan rejeli peýdalanylmagyna göwnejaý çemeleşmekden ybaratdyr.

Şu ugurdaky özgerişlikleriň paýtagtymyzda, şol sanda ýurdumyzyň iň çetde ýerleşýän ilatly ýerlerinde amala aşyrylmagy bu özgertmelere mahsus bolan aýratynlykdyr. Döwlet Baştutanymyz ilatyň durmuşynyň derejesiniň häzirki döwürde bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigini belleýär. Türkmenistanyň dürli ýerlernde arassa agyzsuwuny öndürýän zawodlary, suw süýjedýän hem-de suw howdanlaryny we suw arassalaýjy desgalary gurmak, şeýle hem ýurdumyzyň suw hojalygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak ildeşlerimiziň abadan durmuşynyň, hususan-da, ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň “Çelýabinskiý traktornyý zawod—URALTRAK” çäkli jogapkärçilikli jemgyýetden satyn alnan 100 sany birlikden “B10M.0101-1E1” kysymly täze we kuwwatly buldozerler bilen Suw hojalyk ministrliginiň tehniki parkynyň üsti ýetirildi. Bu ýokary öndürijilikli tehnika gelen badyna, Garagum derýasynyň kenarlaryny abadanlaşdyrmak hem-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysyny gurmak bilen bagly işelerde ulanmak üçin iberildi.

Dünýäde iri emeli suw desgalarynyň biri bolan bu uly suw hojalyk desgasynyň birinji nobatdakysynyň ulanmaga berilmegi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda suwdan rejeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny yzygideri amala aşyrmagyň barşynda möhüm ähmiýetli tapgyra öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagynyň esasy maksady zeý suwlary tebigy görnüşde süzülip, arassalanandan soňra gaýtadan ulanmak üçin toplamakdan ybarat bolup durýar, munuň özi tarp ýerleriň müňlerçe gektaryny özleşdirmek, Garagumda suwly ýerleri döretmek, maldarçylygy we oba hojalygyny ösdürmek ýaly, ýene-de bir möhüm ähmiýetli wezipäniň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik döreder hem-de dünýä möçberindäki has wajyp wezipäniň, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşar.

Bu kölüň türkmen tebigatyna oňaýly täsirini ýetirýändigi eýýäm duýulýar: ýurdumyzyň zeýkeş ulgamlarynyň işi kadalaşdy, munuň özi ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegine getirdi, ýerleriň melioratiw ýagdaýy barha günsaýyn gowulanýar.

Häzirki wagtda“Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Köprüleri, suwuň akymlaryny kadalaşdyrýan gidrotehniki we suw durlaýjy desgalary gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäklerinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň şor suw akabalaryny giňeltmek we çuňaltmak, hojalygara şor suwlary sowujy akabalary arassalamak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň Baş maksatnamasyna” laýyklykda, 2011-nji ýylyň fewralynda Aşgabat şäheriniň golaýynda “Gündogar” agyz suwy zawodynyň gündogarky suw arassalaýjy desgalary üçin möçberi 1 million kub metr suwa barabar bolan suw durlaýjy howdany we onuň suw sowujy akabasy ulanmaga berildi. Häzirki wagtda Suw hojalyk ministrliginiň hünärmenleri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Sekizýab derýajygynyň hanasynyň uzaboýuna şonuň ýaly möçberdäki suw howdanynyň hem-de “Dostluk” bendinden suwuň akýan ugry boýunça 25 kilometr aşakda ýerleşýän suw paýlaýjy “Şirdepe” desgasynyň gurluşygyny tamamlap barýarlar.

Sentýabryň ilkinji günlerinde bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş sapary mahalynda Kaka etrabynyň Gozgangala obasynyň golaýynda täze suw howdanynyň gurluşygyna badalga berildi. Ol Gozgançaý derýajygynda ýerleşip, golaýdaky obalary we şäherçeleri agyz suwy bilen üpjün etmekden daşgary, ilatly ýerleri suwuň daşmagyndan goramak, şeýle hem suwarymly ýerler üçin goşmaça suwlary toplamak üçin niýetlenendir.

Suw howdanynyň göwrümi 5,2 million kub metre barabar bolar, munuň özi 1,5 müň gektar ýeri suwlulandyrmaga mümkinçilik berer. Ýerli ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw howdanynyň göwrümi 5000 kub metre barabar bolar. Suw howdany, esasan, derýajyga goşulýan sil suwlaryny toplamagyň hasabyna doldurylar.

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde-de ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde şunuň ýaly suw howdanlaryny gurmak işleri alnyp barylýar.

Täze Galkynyş eýýamynda şu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler ilaty suwy bilen üpjün edýän ulgamyň kämilleşdirilmegine, şäherlileriň durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna, has çetde ýerleşýän obalaryň ilatynyň suw geçirijiler arkaly suw bilen üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, şu çäreleriň durmuşa geçirilmegi bar bolan suw gorlaryndan rejeli peýdalanylmagyna we suwuň dereksiz ýitgileriniň öňüniň alynmagyna hem-de Türkmenistanyň ähli ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegine ýardam berer.

Suw ýaly möhüm ähmiýetli tebigy gorlara şeýle jogapkärli çemeleşilmegi türkmen döwletiniň sebitdäki halklaryň abadançylygynyň we parahatçylygynyň bähbidine suwdan rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipeleriň dünýä möçberinde çözülmegine mynasyp goşant goşmak maksadyndan gelip çykýar.