Ï Baýramçylyk sergileri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Baýramçylyk sergileri

view-icon 878
Şu gün ýurdumyzyň ähli muzeýlerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli “Türkmen muzeýleri täze Galkynyş eýýamynda” atly baýramçylyk sergileri ýaýbaňlandyryldy.

Sergilerde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünliklerine, hususan-da, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň ösüşine bagyşlanan bölümler görnükli orny eýeleýärler. Mälim bolşy häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda muzeýleriň 35-si hereket edýär. Olar jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň merkezi bolmak bilen, milletiň milli mirasyny aýawly saklaýan iri ylmy merkezler bolup durýarlar. Olar milletiň ruhy taýdan galkynmagynda biziň halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda we ony wagyz etmekde möhüm orny eýeleýärler. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary, Daşoguz we lebap welaýatlarynda Taryhy – ülkäni öwreniş muzeýleriniň açylyş dabaralary boldy. Balkan welaýatynda hem täze Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol medeni ojaklarda taryhy gymmatlyklar bilen bir hatarda täze Galkynyş eýýamynyň gazananlary hem möhüm orny eýeleýärler. Olar halkymyz üçin geçmiş bilen häzirki döwrüň ruhy bitewligini emele getirýärler.

Ýurdumyzyň Baş milli muzeýinde Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan bölümler ýaýbaňlandyrylypdyr. Fota suratlar we resminmalar, dürli önümler, kitaplar, sowgatlyk önümleri Milli Liderimiziň türkmen halkynyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen köptaraply işiniň beýany bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň biziň ýurdumyzyň belent abraýyny şertlendirýän we dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar eden parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk we “açyk gapylar” syýasatyna birnäçe bölümler bagyşlanypdyr.

Türkmenistanyň Çeperçilik sungaty muzeýinde belli suratkeşler A.Kulyýewiň, G.Bekmyradowyň, Ý.Baýramowyň, D.Baýramowyň, K.Mirgalimowyň, T.Esenmämmedowyň, şeýle hem,heýkeltaraşlar G.Ýarmämmedowyň, J.Jumadurdynyň, A.Hydyrowyň, M.Nowikowyň, A.Şetininiň, B.Esengeldiýewiň döreden eserleri goýlupdyr. Olaryň işlerinde türkmen milletiniň beýik taryhy, özboluşly däp-dessurlary, milli senetkärçiligimiz we türkmen topragynyň gaýtalanmajak gözelligi öz beýanyny tapypdyr.

Ýurdumyzyň muzeýlerinde baýramçylyk sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaryny we iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Olar Milli Liderimize täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda netijeli ösüşe eýe bolan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynmagy ugrunda edýän yzygiderli aladasy we berýän ünsi üçin hoşallyk sözlerini mälim etdiler.