Ï “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileriniň jemleýji konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileriniň jemleýji konserti

view-icon 851
Şu gün Ruhyýet köşgünde “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň baş milli baýramynyň – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Zehinli çagalaryň jemleýji konsertini Türkmenistanyň Bilim ministriligi hem-de Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi guradylar.

Şu ýyl abraýly gözden geçirilişe zehinli çagalaryň 900-e golaýy gatnaşdy. Şanly wakanyň – ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalar özleriniň sungaty bilen tutuş ýurdumyzda badalga alan köp sanly medeni çärelere özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýmak üçin ak mermerli paýtagtymyza ýygnandylar.

Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Umumymilli "Galkynyş" hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem bäsleşige gatnaşýan çagalaryň deň-duşlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda olary ýetip gelýän mukaddes baýram -- Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olaryň täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy, beýik ýeňişlerimizi hem-de asylly maksatlarymyzy, bagtyýar durmuşymyzy, halkymyzyň dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini we mähir-muhabbetini wasp edýän joşgunly aýdym-sazlarynyň, jadyly şirin owazlarynyň, şadyýan gülküleriniň hemişe belent ýaňlanmagyny arzuw etdi.

“Siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan hem-de söýgi, yhlas, mähir bilen ýerine ýetirýän ajaýyp sungat eserleriňizde parasatly ata-babalarymyzyň, merdana halkymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň belent ruhy jemlenendir. Siziň özüneçekiji mukamlaryňyz, ýüreklere melhem berýän aýdym-sazlaryňyz beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň, zähmetsöýer halkymyzyň, adamzadyň belent ahlak sypatlarynyň joşgunly wasp edilmesidir. Bagtyýar zamanamyzyň göwün göteriji senasy bolup ýaňlanýan milli öwüşginli, mährem owazly, jana lezzetli aýdym-sazlaryňyz biziň ýüreklerimize egsilmez şatlyk paýlaýar, kalbymyzy Watana, halka, külli adamzada bolan beýik buýsanç duýgularyna besleýär” diýip, milli Liderimiz belledi.

Mälim bolşy ýaly, däbe öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly zehinli çagalaryň arasyndaky aýdym-saz bäsleşigi täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanda geçirilýän çagalar bäsleşikleriniň iň meşhurlarynyň biridir. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olary watançylyk, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Bäsleşigiň ähli welaýatlarda we mähriban Watanymyzyň paýtagtynda geçirilen deslapky tapgyrlaryna çagalaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olaryň zehinli we özboluşly çykyşlaryna tomaşaçylaryň örän köp sanlysy tomaşa etdi. Şonuň üçin hem emin agzalaryna -- meşhur medeniýet we sungat işgärlerine ýeňijileri seçip almak ýeňil bolmady. Olaryň beren bahalarynyň netijeleri boýunça iň gowy ýerine ýetirijiler şu gün ýurdumyzyň baş sahnasynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.

Däp bolşy ýaly, konsert Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Soňra bolsa ýurdumyzyň baş sahnasynda ägirt uly baýramçylyk çäresi ýaýbaňlandyryldy. Oňa gatnaşyjylar özleriniň zehinini we ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler.

Ýaş zehinleriň çykyşlary çagalary hem, ululary hem biparh goýmady. Bu ýere ýygnananlar sahnada ýaýbaňlandyrylan çykyşlara uly höwes bilen tomaşa edip, ýerine ýetirilen aýdymlary, sazlary, tanslary we folklor çykyşlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Aýdym-sazlar ýerine ýetirilen mahaly Türkmenistanyň ýaş nesliniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyklary barada gürrüň berýän wideorolikler we suratlar görkezildi. Çagalar aýdymlary we tanslary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň körpe raýatlary özleriniň her bir çykyşynda Watanymyza, özlerine aýdyň hem bagtly çagalygy, bilim almak üçin ähli şertleri, ajaýyp geljegi üçin ynamy peşgeş beren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz söýgüsini beýan etdiler.

Umuman, jemleýji konsert türkmen halkynyň erkin we bagtly durmuşyny wasp edýän milli zehinleriň çeşmesiniň egsilmezdigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Ýaş zehinleriň döredijilik dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi we tomaşaçylar bäsleşigiň senasyna öwrülen “Garaşsyzlygyň merjen dänesi” atly aýdymy ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigi guraýjylar şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ýeňijileriň atlaryny yglan edýärler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan zehinli çagalaryň altysy “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara diplomlar we kompýuterler gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň ýeňijileri täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň ösüp gelýän nesli barada edýän atalyk aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we özleriniň zehini hem-de döredijiligi bilen ata Watanymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň artmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu baýramçylyk gününde sahna çykan körpe zehinleriň ählisi hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary aldylar.

“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän atalyk aladasyna oňat okamak, joşgunly döredijilik bilen jogap berjekdiklerine hem-de Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň üstünliklerini artdyrmagy başarýan mynasyp nesil boljakdyklaryna milli Liderimizi ynandyrdylar.