Ï Ulag hereketini sazlamagyň matematiki usulyny iş ýüzünde ornaşdyrmak ...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag hereketini sazlamagyň matematiki usulyny iş ýüzünde ornaşdyrmak ...

view-icon 1338
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň alymlary, şäheriň çatryklarynda döreýän ulag dyknyşyklary meselesini çözüp biljek ulag akymynyň matematiki usulyny işläp düzýärler.

Ulag akymynyň hereketiniň umumy kanunlary bar. Ençeme gözlegleriň netijesi bu meseläniň matematiki çözgüdini we sanlaýyn synaglary geçirmän, diňe inžener hasaplamalaryň netijeleri esasynda çözüp bolmaýanlygyny görkezdi.

Seredilýän ulgamda dörejek näsazlyklary öňünden çak edip bolmaýar we hasaplamalary geçirmekde kynçylyk döredýär , tötänden döreýän ýagdaýlaryň (ýol-ulag wakasy, howa şertleri) täsiriniň bolmagy, her bir sürüjiniň hereketini öňünden çak edip bolmaýanlygy hem, çözgütleri kabul etmek üçin ulag ulgamyny gurnamaklygyň wajyplygyny görkezýär.

Türkmen alymlarynyň taýýarlan usuly aýdyň däl logiki nazaryýetine esaslan. Bu nazaryýet dürs däl düşünjeleri beýan etmäge ýagdaý döredýär we olar bilen işlemeklige mümkinçilik açýar.

Bu saýlanan usul adaty analitiki nusgalary bilen deňeşdireniňde tehniki ulgamda dogry maglumatlara ýakyn netije berýär. Işlenip düzülen programmalaýyn toplum Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň ulag gözegçilik gullugynyň maglumatlar merkezinde ornaşdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.